2026-njy 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilmegi dowam etdirilýän doganlyk gatnaşyklary bellediler. Ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýandygy nygtaldy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň, hususan-da, migrasiýa babatynda şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugur boýunça işjeň özara gatnaşyklary we tejribe alyşmalary dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.