2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumy geçiriler. Giň gerimli halkara çäräniň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Bu başlangyç barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Forum Birleşen Milletler Guramasynyň göni goldawy we gatnaşmagynda geçiriler. Oňa dünýäniň abraýly döwlet we syýasat işgärleriniň, diplomatlaryň hem-de halkara hukugy boýunça bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forumyň gün tertibine Aşgabat Jarnamasynyň taslamasy hödürlener. Resminama halkara hukugynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň binýatlaýyn esasydygyny resmi taýdan tassyklamaga hem-de pugtalandyrmaga gönükdiriler.