Ï Türkmen hünärmenleri halkara emeli aň filmleri festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri halkara emeli aň filmleri festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 95
Türkmen hünärmenleri halkara emeli aň filmleri festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli pudaklarda döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerini dürli ulgamlarda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde netijeli peýdalanmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir.

Şol bir wagtyň özünde, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, Türkmenistanyň wekilleriniň emeli aň we tehnologiýalary dolandyrmagyň ählumumy meselelerine bagyşlanan iri halkara forumlaryna gatnaşmagy möhüm orun eýeleýär. Şeýle hyzmatdaşlyk hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermek bilen birlikde, ýurtda tehnologik ösüş üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Emeli aň ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge Gazagystanda geçiriljek emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanylyp döredilen filmleriň ilkinji halkara festiwaly – «Astana AI Film Festival» (AAIFF 2026) hem ýardam eder. Bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döredijilik toparlary we garaşsyz awtorlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň hünärmenleri hem gatnaşmaga çagyrylýar.

Festiwalyň baş maglumat hyzmatdaşy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň düzümine girýän Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumydyr. Onuň düzüminde Halkara «Kazinform» habarlar agentligi hem hereket edýär.

«AAIFF 2026»-nyň esasy bäsleşik temasy «Ýaşamaga mynasyp geljek» diýlip atlandyrylýar. Gatnaşyjylara emeli aňyň kömegi bilen geljek baradaky özboluşly garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik döredilýär. Açyk bäsleşik bölümi bäş ugur boýunça geçiriler: iň gowy režissýorlyk işi, iň gowy wizual dil, iň täsirli hekaýa, iň gyzykly konsepsiýa we keşpleriň iň gowy işlenişi.

Bäsleşigiň esasy şertine laýyklykda, gatnaşyjylar dowamlylygy 10 minutdan geçmeýän «Full AI» görnüşindäki gysga metražly filmi hödürlemeli bolarlar. Baýrak gaznasynyň umumy möçberi 1 million ABŞ dollaryna deň bolar.

Guramaçylar bäsleşige hödürlenýän filmleriň awtorlyk hukuklarynyň talaplaryna doly laýyk gelmegine aýratyn üns berýärler. Işlere halkara bilermenleri, režissýorlar, prodýuserler we döredijilik tehnologiýalary pudagynyň wekilleri baha berer. Deslapky saýlama tapgyrynda emeli aň esasynda işleýän eminler ulgamyndan peýdalanmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Netijede, 25 sany iň gowy iş saýlanylar. Şolaryň 10-sy esasy, 15-si bolsa açyk bäsleşik bölümine degişli bolar.

Festiwala gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 15-nji awgustyna çenli dowam eder. Filmleriň görkezilişi we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Astanada geçiriljek «Astana AI Week» hepdeliginiň çäklerinde guralar.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara festiwala gatnaşmagy milli kontentiň dünýä giňişliginde ilerledilmegine ýardam eder. Şeýle hem bu çäre türkmen hünärmenleriniň emeli aň ulgamyndaky mümkinçiliklerini halkara jemgyýetçiligine görkezmäge, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze tehnologiýalar we häzirki zaman meýilleri bilen tanyşmaga giň şertleri döreder.

Mundan başga-da, festiwal halkara studiýalar we tehnologik kompaniýalar bilen täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm mümkinçilikleri açar. Bu bolsa Türkmenistanda emeli aň pudagynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam eder. Iň esasy bolsa, abraýly halkara festiwalyndaky üstünlikli çykyş Türkmenistanyň innowasiýalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna açyk döwlet hökmünde halkara abraýynyň has-da pugtalanmagyna goşant goşar.