Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawa daýanýan «Marypagta» önümçilik birleşiginiň işgärleri öňde duran pagta ýygymy möwsümine düýpli taýýarlyk görýärler.
Mary welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary 162 müň gektar meýdanda ekilen gowaça ideg etmek işlerini uly alada bilen alyp barýarlar. Meýdanlardaky işler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda gowaçalara ahyrky suwaryş, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, çyrpmak, hatar aralaryny ýumşatmak we haşal otlardan arassalamak işleri geçirilýär. Gowaça ideg etmegiň häzirki tapgyry iň jogapkärli tapgyrlaryň biridir, çünki ol geljekki hasylyň hilini we möçberini kesgitleýär. Şu aýda gowaça boýuna ösmegini bes edýär, şonuň üçin daýhanlaryň tutuş ünsi gozalaryň emele gelmegine we açylmagyna gönükdirilendir.
Häzirki oba hojalyk ýylynda welaýatyň Garagum, Türkmengala, Ýolöten we Baýramaly etraplary gowaça ýetişdirmekde ýokary netijeleri görkezýärler. Pagta meýdanlarynda ilkinji ak gozalaryň peýda bolmagy daýhanlaryň halal zähmetiniň bol hasyl berýändigini aýdyň subut edýär.
Mary welaýatynda pagta ýygymyna taýýarlyk guramaçylykly amala aşyrylýar, ähli güýçler öňde duran möhüm ýygym möwsümi ýokary hilli geçirmäge gönükdirilendir.
Ýygym möwsüminiň bosagasynda «Marypagta» önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda hem ýokary depginli zähmet çekilýär. Birleşigiň hünärmenleriniň habar bermegine görä, welaýatyň ähli 9 sany pagta arassalaýjy kärhanasynda hem-de 35 sany taýýarlaýyş nokadynda abatlaýyş işleri jemleýji tapgyrda alnyp barylýar. Tehniki we ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryna aýratyn üns berilýär. Pagta çig malyny daşamaga gatnaşjak awtoulaglar, traktorlar we tirkegler eýýäm tehniki gözegçilikden geçirildi, abatlandy we doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.
«Marypagta» önümçilik birleşiginiň we etraplaryň hünärmenleri gymmatly çig mal baýlygymyz bolan pagta hasylyny gysga möhletde we zyýansyz ýygnamak boýunça taýýarlyk işlerine berk gözegçilik edýärler. Häzirki wagtda amala aşyrylýan çäreler welaýat zähmetkeşlerine Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga mümkinçilik berer.