Owgan tarapy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek maksady bilen iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýjak bilelikdäki guraly döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Bu barada Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda aýtdy.
Şeýle hem, owgan tarapy türkmen tejribesini öwrenmäge we owgan hünärmenlerini Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de kärhanalarynyň binýadynda gaz pudagy üçin taýýarlamaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.