Toýlary toýlara ulaşýan berkarar türkmen Diýary beýik zähmet ýeňişlerini baýdak edinip, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda – 23-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde ata Watanymyzyň nurana geljegini kesgitleýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik ýörelgesiniň keşbini kesgitleýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan mukaddes ynsanperwer däpleriniň häzirki döwrüň ösen demokratiýasy bilen ajaýyp sazlaşygydyr, il-ýurt bähbitli keremli işleriň halk bilen maslahatlaşylyp çözmekligiň nusgalyk görnüşidir. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň aýdyň ýoluny kesgitleýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi bolsa sahawatly işleriň sabasy hökmünde ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, berkarar Diýarymyzyň kuwwatyny has-da berkitmek, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, nurana geljegini kesgitleýän çözgütleri kabul etmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşýan bu uly syýasy foruma ýokary derejede taýýarlykly barmak maksady bilen 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda ýylyň iň uly syýasy forumyna taýýarlanmak we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, Halk Maslahatynyň mejlisinde serediljek meseleleri hem-de raýatlaryň tekliplerini, ýüztutmalaryny öwrenmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny ýokary derejede geçirmek we dabaralandyrmak, il arasynda uly hormatdan peýdalanýan, ýokary zähmet üstünliklerini gazanýan ildeşlerimize hormatly atlary dakmak, döwlet sylaglaryny gowşurmak, şeýle hem üstümizdäki ýylyň şygarynyň çuňňur manysyndan gelip çykýan meşhur ahalteke bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmak ýaly meselelere seredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň öňde goýan wezipeleri, olary durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň Gündogar sebitinde alnyp barylýan işler barada welaýat halk maslahatynyň başlygy Ahmet Bazarow şeýle gürrüň berdi:
– Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-durmuş ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ählisini öz içine alýan, bu ulgamlaryň geljekde alyp barmaly işleriniň aýdyň ýoluny kesgitleýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz 15-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar» diýip belledi.
Bu bolsa welaýat halk maslahatynyň hem-de ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, berkarar Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ildeşlerimiziň öňünde goýlan uly borçdur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berlendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan we görkezmelerinden ugur alyp, biz welaýat halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary bilen bilelikde bu uly syýasy foruma taýýarlyk işlerine girişdik. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýy, oňa mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak boýunça wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Lebap welaýaty boýunça bir sany welaýat hem-de şäher, 11 sany hem etrap halk maslahatlary hereket edýär. Welaýatymyzdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine 330 wekil gatnaşar. Olar welaýat, etrap we şäher häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlyklary, ýaşuly nesliň wekilleri bilen birlikde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hödürlän wekilleridir. Bu uly syýasy forumyň mejlisine gatnaşmak üçin ilat arasynda sarpalanýan, göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýan, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ildeşlerimiz saýlanyp alynýar. Şonuň bilen birlikde, raýatlarymyzyň ýüztutmalary we teklipleri öwrenilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine taýýarlyk görmegiň çäklerinde etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlary bilen bilelikde iş alyp barýarys we olaryň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek berýäris. Biz welaýat halk maslahatynyň hem-de syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde netijeli iş alyp baryp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mejlisine doly taýýarlykly bararys.