Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun dowam edýär

view-icon 64
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun dowam edýär
camera-icon
Andreý Pakulow

Dynç alyş möwsüminde döwrebap dynç almak, saglygyňy berkitmek, wagtyňy peýdaly, şatlykly geçirmek hemmämiziň arzuwymyz. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iň bir arzyly isleglere, arzuwlara laýyk gelýän ýakymly mümkinçilikler, şertler bagtyýar raýatlaryň kalbynda buýsançly duýgulary döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallalary netijesinde dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem şeýle arzyly, şypaly künjekleriň birine öwrüldi. Gözel Awazada amala aşyrylan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler, il-ulsumyza peşgeş berlen nusgalyk şertler bolsa bu gün raýatlaryň çäksiz alkyşlaryna, hoşallyklaryna mynasyp bolýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenýän tomusky dynç alyş möwsümi hem oňa doly güwä geçýär. Ýokary derejeli, şol bir wagtda, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz içinde jemleýän myhmanhanalaryň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriň, maşgalalar üçin kottejleriň, «Awaza» şypahanasynyň hünärmenleri-de bu ýerlere gelýän raýatlary mähirli garşylap, göwnejaý hyzmatlary ýola goýýar.

Ýeri gelende aýtsak, jenneti mekanda, gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golaýda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi hem üstünlikli tamamlandy. Awazada ýurdumyzyň ähli sebitlerinden hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýüzlerçe körpeler ençeme tapgyrlarda diýseň şatlykly dynç aldylar. Olaryň arasynda guralan şadyýan oýunlaryň, medeni-sport çäreleriň, gezelençleriň, zehin, döredijilik bäsleşikleriniň şatlyk-şowhuny çar tarapy gurşap aldy. Şeýle hem gyzykly çäreler ýurdumyzyň sebitleriniň Awazadaky «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde has-da ýokary derejede guraldy.

Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, tomus paslynyň paýawlap barýandygyna garamazdan, syýahatçylyk zolagyna gelýänleriň yzy üzülmeýär. Olar dynç alyş-sagaldyş binalarynda, seýilgählerde, medeni-sport desgalarynda, deňiz kenarynda, Awazanyň beýleki künjeklerinde wagtlaryny hoş geçirýärler. Meşhur zolakda döredilen döwrebap amatlyklar, özboluşly täsinlikler hem olaryň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşýar. Deňziň kenarynyň ekologik taýdan arassalygy, jana tenekar howasydyr asuda tolkunlary, hemişe-de açyk deňzi küýseýän çarlaklaryň hoş owazlary, sergin kenarynyň ýumşak çägeligi, tutuş Awazanyň nusgalyk derejedäki binagärlik keşpleri dynç alýan adamlarda ýakymly täsirleri galdyrýar.

«Awaza» akwoparkynda, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» oýun atraksionly seýilgählerde hem ildeşlerimiz gezelençde bolýarlar. «Awaza» derýasynyň kenaryndaky «Gämiler dünýäsi» muzeýiniň tomaşaçylary elmydama ýetik. Awazanyň gözel künjeklerine welosipedli gezelenç etmek üçin hem hemme amatlyklar döredilen. Mundan başga-da, dynç alşyň dowamynda Hazaryň kenarýaka giňişliklerine, «Awaza» derýasyna gezelenç edýänleriň sany-da artýar.