15-nji awgustda paýtagtymyzda Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygy açyp Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu ýurduň milli baýramy mynasybetli Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmunyň ýüzlenmesini okady. Soňra diplomat myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Çykyşda iki döwletiň arasynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan çuňňur medeni we taryhy gatnaşyklaryň ýylsaýyn depginli ösdürilýändigi bellenildi.
Diplomat öz çykyşynda hindi-türkmen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösýändigine aýratyn üns berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 270 million ABŞ-nyň dollaryndan geçdi. Ilçi diplomatik wekilhananyň hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini diňe bir söwda, ykdysadyýet we maýa goýumlary ulgamynda däl, eýsem, medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda hem doly durmuşa geçirmek üçin hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň raýatlarynyň Hindistana syýahatlarynyň sanynyň artýandygyny, şeýle hem Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerini saýlaýan türkmen talyplarynyň sanynyň köpelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hindistanyň Hökümetiniň bilim talyp haklaryny hödürlemegi dowam etdirýändigi we Global Günortadaky ýurt, şeýle hem Türkmenistanyň sebitdäki ýakyn dosty hökmünde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygy bellenildi.
Bandaru Wilsonbabu Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünliklerine hem ýokary baha berdi.
«Biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy bilen Türkmenistanyň gazanan täsirli üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys. Şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 35 ýyllygy bilen gutlaýaryn hem-de köpugurly ýakyn hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna umyt bildirýärin» diýip, ilçi sözüni jemledi.