Ï Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

view-icon 397
Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

14-nji awgustda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy we Pakistan döwletiniň düýbüni tutujy Muhammed Ali Jinnanyň 150 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde Pakistanyň lideriniň ömrüni we döwlet işini şöhlelendirýän sergi guraldy.

Çärä gatnaşyjylara Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Faýral Legari gutlag sözi bilen ýüzlendi. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we yzygiderli ösdürilmegine goşýan gymmatly goşantlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

«Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialog özara hormat goýmak, medeni gymmatlyklarynyň umumylygy, parahatçylygy, sebit durnuklylygyny we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan bilelikdäki ygrarlylyk ýörelgelerine esaslanýar» diýip, ilçi belledi.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Yslamabadyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigini, onuň parahatçylykly dialogy ösdürmek ugrunda yzygiderli alyp barýan tagallalaryny aýratyn nygtaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol halkara meýdançalarynda alnyp barylýan oňyn we netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda ýurdumyzyň Hökümetiniň adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Ol Garaşsyzlyk gününiň Muhammed Ali Jinnanyň 150 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-pakistan dostlugynyň taryhy köklerine we iki halkyň ruhy ýakynlygyna ünsi çekdi. R.Meredow 1995-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen taryhy Kararnamanyň awtordaşy hökmünde Pakistanyň çykyş edendigini ýatlatdy.

«Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda durnukly ösüş depginini görkezýär. Uly göwrümli uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň esasy hereketlendiriji güýji döwletleriň ýokary derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan dialog bolup galýar» diýip, R.Meredow sözüni jemledi.