2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň başynda Baş konsul konsullyk patentini gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy gowşuryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Baş konsuly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem iki ýurduň arasynda konsullyk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.