Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 16-njy tapgyrynyň netijeleri boýunça ýaryş tertibiniň ilkinji üçlüginde birnäçe üýtgeşiklik boldy.
Tapgyryň merkezi duşuşygy Arkadag şäherinde geçirildi. Onda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik edýän ýerli «Arkadag» topary şu ýyl AFK-nyň Çagyryş ligasynda ilkinji gezek çykyş edýän «Ahal» toparyny kabul etdi. Ýer eýeleri duşuşyga örän işjeň başladylar. 4-nji minutda Didar Durdyýew hasaby açdy, 8-nji minutda bolsa Ahmet Ataýew «Arkadag» toparynyň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi. Myhmanlar 23-nji minutda Ýolmämmet Garajaýewiň goly bilen hasaby gysgaltmagy başardylar, ýöne ýeňlişden gutulyp bilmediler. Şeýlelikde, duşuşyk 2:1 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňiş toparyň ajaýyp netijesini dowam etdirdi: «Arkadag» topary mümkin bolan 48 utugyň 48-sini toplap, ýekeje gezek hem utulman gelýär.
«Ahal» toparynyň ýalňyşlygyndan bir gün öň paýtagt duşuşygynda «Köpetdag» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan «Altyn asyr» topary peýdalandy. Duşuşygyň 19-njy minudynda Arslan Saparowyň goly bilen hasapda öňe geçen «Altyn asyr» topary ilkinji ýarymyň goşmaça wagtynda (45+1) Röwşengeldi Halmämmedowyň goly bilen deňligi dikeldip bildiler. Ikinji ýarymda bolsa ýer eýeleriniň goragçysy Baýramgeldi Gulmaýewiň öz derwezesine geçiren goly (68-nji minut) «Altyn asyr» toparyna ýeňiş getirdi. 35 utuk toplan «Altyn asyr» topary ýaryş tertibinde ikinji orna çykyp, 33 utukly «Ahal» toparyny üçünji orna geçirdi.
Tapgyryň ýene iki duşuşygy 1:0 hasabyndaky iň az artykmaçlyk bilen tamamlandy. Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary myhmançylykda «Merw» toparyny Akmämmet Metdaýewiň birinji ýarymyň goşmaça wagtynda (45+1) geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňdi. 17 utuk bilen «Nebitçi» topary dördünji ornuny berkitdi we Marynyň toparyndan 3 utuk öňe geçdi.
Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen duşuşykda bolsa «Aşgabat» topary Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 59-njy minutda Merdan Muhadow geçirdi. Bu ýeňiş «Aşgabat» toparyna «Şagadam» toparynyň yzyndan ýetmäge mümkinçilik berdi. Iki toparyň hem 13 utugy bar we olar degişlilikde 6 –7-nji orunlary paýlaşýarlar.
Ýaryş tertibiniň iň soňky ornunda 11 utuk bilen paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary ýerleşýär.
Bu tapgyrda ýene bir gezek gol geçiren «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew hüjümçileriň ýaryşynda öňdeligini has-da berkitdi. Soňky dört milli çempionatyň iň netijeli hüjümçisiniň hasabynda indi 14 gol bar, olaryň 3-si jerime urgy arkaly geçirildi. Ikinji we üçünji orunlary 8 goldan geçiren «Altyn asyr» toparyndan Röwşengeldi Halmämedow bilen «Ahal» toparyndan Süleýman Mirzoýew paýlaşýar. Olaryň arasynda Mirzoýewiň 2 goly jerime urgy arkaly geçirildi.