Türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow Slowakiýanyň paýtagty Bratislawada tamamlanan 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby bu üstünligi 86 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agramda dünýäniň iň güýçli 25 sany ýaş türgeni baýraklar ugrunda göreşdiler.
Meýdança çykýança ildeşimiz bäş duşuşyk geçirip, olaryň dördüsinde ynamly ýeňiş gazanmagy başardy. Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda Alp Arslan hytaýly Bolati Na Ertaýy 10:0 hasabynda ýeňdi. Soňra 1/8 finalda müsürli Ýahýa Eliwadan 16:5 hasabynda üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa Azerbaýjanyň wekili Muhammet Abaszadä hiç hili mümkinçilik bermän, 14:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýarym finalda Russiýanyň pälwany Ahmady Mukutowdan 4:8 hasabynda ýeňlip, çekeleşikli duşuşykdan soň Begenjow üçünji orun ugrundaky göreşde türkiýeli pälwan Sefa Jesury 9:2 hasabynda ýeňip, ajaýyp ýagdaýda özüni dikeltdi.
Bu agram derejesinde ikinji bürünç medaly gazanan türgen Ýaponiýanyň wekili Nasura Okazawa boldy. Ol gazak pälwany Aşhab Hajyýewden 10:0 hasabynda üstün çykdy. Dünýä çempiony adyna ABŞ-nyň wekili Eoden Sinkler eýe boldy. Ol finalda Russiýanyň pälwany Ahmady Mukutowy 8:4 hasabynda ýeňdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň türgen ýaryş wagtynda özüne goldaw beren janköýerlere hoşallygyny bildirdi.
– Meni goldan we meniň üçin janköýerlik edenleriň ählisine köp sag bolsun aýdýaryn. Biz siziň goldawyňyzy hatda uzak aralykdan hem duýduk... Biziň esasy ýeňşimiz entek öňde – diýip, Alp Arslan aýtdy.
Halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjowyň 8-nji awgustda 20 ýaşy doldy. Iki ýyl ozal Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempionatynda ol uly üstünlik gazanyp, Türkmenistanyň bu Olimpiýa sport görnüşinde şeýle ýokary derejeli ýaryşda ilkinji altyn medalyny gazandy.
Geçen ýyl Bolgariýanyň Samokow şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Alp Arslan diňe çärýek finala çenli baryp, şol tapgyrda eýranly Mahdi Mohammad Ýusefihadjiwardan 4:6 hasabynda ýeňildi. Bu ýyl bolsa ol bürünç medala mynasyp boldy.
A.Begenjow 2024-nji ýylda hem Tailandda geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy. 2025-nji ýylda bolsa Wýetnamda geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionatynda kümüş, Gyrgyzystanda geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň birinjiliginde bürünç medal eýeledi.
Soňky iki ýylyň dowamynda Alp Arslan 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gelýärdi. 2026-njy ýyldan başlap bolsa ol täze 86 kilograma çenli agram derejesinde göreşip başlady. Görnüşi ýaly, bu agram derejesi hem türkmen pälwany üçin diýseň üstünlikli boldy.
2026-njy ýylyň aprel aýynda Bişkekde geçirilen ulularyň arasynda Aziýa çempionatynda ol bürünç medal gazanyp, erkin göreş boýunça bu ýaryşda medal eýelän ilkinji türkmen türgeni boldy. Şol ýylyň maý aýynda bolsa Wýetnamyň Da Nang şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy. Ol bu ýaryşda garşydaşlaryna ýekeje-de utuk bermedi.
Alp Arslan Begenjowyň Bratislawada 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda gazanan häzirki bürünç medaly onuň ýokary ussatlygynyň we halkara meýdançasynda durnukly çykyşlarynyň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.