Ï DIM-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

DIM-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 193

2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanda diplomatik işini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi.

Duşuşykda iki döwletiň BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle-de Merkezi Aziýa – Germaniýa formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeliligi nygtaldy.

Diplomatlar köp ýyllyk söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini bellediler. Şunda german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň derwaýys işiniň ähmiýeti barada aýdyldy.

Taraplar medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.