14 ýaşly türkmen tennisçisi Ali Geldiýew halkara meýdançasynda uly üstünlik gazandy. Gazagystanda geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky «Roland Garros Junior Series» abraýly sebitleýin saýlama ýaryşynyň netijelerine görä, ýaş türgen Günbatar we Merkezi Aziýanyň iň güýçli alty tennisçisiniň hataryna girdi. Bu netije milli tennis sportymyzyň geljegi uly ýyldyzynyň çalt ösýän hünär ýolundaky nobatdaky ajaýyp üstünligidir.
Abraýly ýaryş Almatydaky meşhur «Gorky Tennis Park» tennis toplumynyň toprak meýdançalarynda geçirildi. Aziýanyň saýlama ýaryşynyň jemleýji tapgyryna iki sany ýollanma üçin Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Saud Arabystanyndan, Siriýadan, Türkmenistandan we Özbegistandan 16 ýaşa çenli iň güýçli 16 ýetginjek tennisçi bäsleşdi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar dört toparça bölünip, olar utulan-çykdy tapgyryna çykmak ugrunda çekeleşikli göreş alyp bardylar.
Türkmenistana bu ýaryşda halkara we Aziýa reýtingindäki ýokary görkezijileri sebäpli ilkinji gezek 10-njy synp okuwçysy, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Ali Geldiýew wekilçilik etdi. Garşydaşlarynyň köpüsinden bir-iki ýaş kiçi bolandygyna garamazdan, Ali has tejribeli dalaşgärleriň arasynda özüni ýitirmän, kämil we tutanýerli oýun görkezip, milli sportuň taryhyna täze sahypany ýazdy.
«A» toparçasyndaky ilkinji duşuşykda A. Geldiýew aýagynyň myşsalarynda ýüze çykan oňaýsyzlyga garamazdan, Gazagystanyň birinji belgili tennisçisi Rodion Traýgel bilen soňky pursada çenli bäsleşdi we diňe üçünji setiň taý-breýkinde 3:6, 6:2, 5:10 hasabynda ýeňildi. Ikinji duşuşykda watandaşymyz häsiýetini görkezip, ýaryşyň 7-nji belgili tennisçisi Özbegistanyň wekili Beksulton Woksidowy 7:6 (1), 6:0 hasabynda ýeňdi. Topardaky soňky duşuşykda bolsa ýene bir özbek tennisçisi Don Son Kimi 6:0, 6:1 hasabynda ynamly ýeňip, oňa hiç hili mümkinçilik bermedi.
Toparçada ikinji orny eýelän Ali Geldiýew taryhy netijä ýetip, ýaryşyň çärýek finalyna çykdy. Bu tapgyrda oňa ahyrynda ýaryşyň ýeňijisi bolan Eýranyň sekizinji belgili tennisçisi Kiaraş Sadegizeýdi garşydaş boldy. A. Geldiýew geljekki çempiona mynasyp garşylyk görkezse-de, duşuşyk 2:6, 5:7 hasabynda onuň ýeňlişi bilen tamamlandy.
5 – 8-nji ýerler üçin geçirilen duşuşyklarda türkmenistanly ýaş tennisçi ýokary fiziki taýýarlygyny we göreşjeň häsiýetini ýene bir gezek görkezdi. Ol Özbegistanyň wekili Hamidjon Mansurowy 6:2, 6:3 hasabynda ynamly ýeňdi, soňra bolsa Gazagystanyň wekili Dias Tulepbergenowdan 4:6, 0:6 hasabynda ýeňildi.
Netijede, ilkinji gezek gatnaşan 14 ýaşly tennisçi sebitdäki iň güýçli 16 ýaş tennisçiniň arasynda ýokary 6-njy orny eýeledi. Bu netije diňe bir Aliniň şahsy üstünligi bolman, eýsem, türkmen tennis mekdebiniň çalt depginlerde ösýändiginiň hem aýdyň subutnamasydyr. Şeýle abraýly ýaryşda özünden uly türgenler bilen bäsleşip, utulan-çykdy tapgyryna çykmagy A. Geldiýewiň öňünde uly mümkinçilikleri açýar. Geljek ýyl hem ol «Roland Garros Junior Series» saýlama ýaryşlaryna gatnaşmaga hukugyny saklap, eýýäm uly ýaryş tejribesine eýe bolar.
Ali Geldiýew tennis dünýäsindäki ilkinji ädimlerini Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebinde ilkinji tälimçisi Babamyrat Mamatrasulowyň ýolbaşçylygynda ätdi. Häzirki wagtda onuň zehini we ussatlygy «Aşgabat» tennis akademiýasynda Ýuriý Rogusskiniň hem-de Meýlis Orazmuhammedowyň tälimçiliginde kämilleşdirilýär.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň maý aýy hem Ali Geldiýew üçin taryhy netije bilen ýatda galdy: ol 14 ýaşynda Türkmenistanyň erkekleriň arasynda geçirilen tennis çempionatynda ilkinji gezek çempion bolup, milli rekord goýdy. Almatynyň tennis meýdançalarynda gazanan häzirki üstünligi bolsa bu ýaş türgeniň halkara derejesinde täze belentlikleri ynamly eýelemäge taýýardygyny görkezdi.
A. Geldiýewiň üstünlikli çykyşy tutuş topar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar. Geljek ýyl Türkmenistanyň Tennis federasiýasy «Roland Garros Junior Series» saýlama ýaryşynda ýurdumyza has giň düzümi bilen wekilçilik etmäge umyt bildirýär. Häzirki wagtda halkara we Aziýa reýtinglerine eýe bolan Näzli Hudaýgulyýewa bilen Süleýman Hudaýberdiýew hem gymmatly ýollanmalar ugrunda dalaş edýärler.