Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 171
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär.

Mejlisiň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolandyklary, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, onuň kiçi düzümdäki bölüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol döwletleriň çäklerinde halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyny, geňeşiň indiki mejlisini geçirmek bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Giňişleýin düzümdäki bölümde Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023 — 2026-njy ýyllardaky işi hem-de Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary bilen bagly meselelere garamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara guramalar, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär, hususan-da, sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň gallaçy we pagtaçy daýhanlary üçin jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda elektrik stansiýalarynda we ýylylyk elektrik merkezlerinde, elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde degişli işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmaga, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergide ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň hem-de jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergide ýurdumyzda alnyp barylýan işleri, gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergini guramaga gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň hem-de wagyz-nesihat çärelerini, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabaralarynyň, teatrlarda täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleriniň guralmagy, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şanly sene mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýörişiň, konsertiň, Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen geçiriler. Okuw sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty giňişleýin beýan edilip, Garaşsyz Watanymyzyň 35 ýylda ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli söhbetler ediler. Diýarymyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bilimler baýramynda Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagyny, Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk 2 sany orta mekdebi dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça bir aýlyk çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň esasy maksady paýtagtymyzda, welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmakdan, pyýada ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilýändigini, bu çäräniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça nobatdaky çäräni guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň awgust aýynda zähmet rugsady döwründe dynç almaga, şeýle hem öňde boljak möhüm çäreleri geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny işjeň ilerletmek, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan bilen BMG tarapyndan bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi aýdyldy. Bu iri halkara forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygynyň, Türkmenistanyň sebit we ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda eýeleýän işjeň ornunyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalar, aýratyn-da, Awaza syýasy Jarnamasy hem-de 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek onýyllykdaky durnukly ösüşini üpjün etmek, olaryň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek, dünýä söwda ulgamyna has işjeň goşulyşmagyny, sanly-tehnologik ösüşini höweslendirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm halkara binýady emele getirdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň netijelerini milli derejede yzygiderli amala aşyrmak hem-de Türkmenistanyň maslahaty kabul eden döwlet hökmünde onuň netijeleriniň halkara derejede ilerledilmegine goşandyny dowam etdirmek maksady bilen, “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň” taslamasy taýýarlanyldy.

“Ýol kartasynyň” taslamasynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çäreler 6 sany esasy ugry özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli we ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli demir ýol ulagy pudagyny ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, ýurdumyzda okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapagyň geçiriljekdigini belledi hem-de baýramçylyk mynasybetli ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini aýtdy.

“Biz geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.