Ï Kronenbergde Ýewropa premýerasy we giň gerimli geografiýa: milli atşynaslyk mekdebiniň dabaraly üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kronenbergde Ýewropa premýerasy we giň gerimli geografiýa: milli atşynaslyk mekdebiniň dabaraly üstünligi

view-icon 100
Kronenbergde Ýewropa premýerasy we giň gerimli geografiýa: milli atşynaslyk mekdebiniň dabaraly üstünligi

Dünýäniň medeniýetinde ahalteke atşynaslygynyň baýramçylygyna sanlyja gün galdy. 4 – 6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde, Ýewropanyň meşhur «Pilbergen» atçylyk toplumynda geçiriljek ilkinji ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty halkara derejesindäki ähmiýetli waka öwrüler. Bu iri çäre dürli ýurtlardan hünärmenleriň, atçylyk hojalyklarynyň wekilleriniň, türgenleriň we köp sanly at söýüjileriniň ünsüni özüne çekmäge gönükdirilendir.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň saýlanylyşynda hem aýratyn many bar. «Pilbergen» atçylyk-sport toplumy konkur we atly gezelenç ýaly atçylyk sport görnüşleri boýunça abraýly halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Birnäçe günüň dowamynda bu ýerde Ýewropa köpçüligi türkmen halkynyň özboluşly mirasy – dünýä belli ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alar.

Dünýä çempionatyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Bu bolsa meşhur ahalteke tohumyna dünýäde barha artýan gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halky üçin at diňe bir dost we wepaly hemra bolman, eýsem, taryhyň janly nyşany, asyllylygyň, wepalylygyň, gözelligiň we kämillige ymtylyşyň beýanydyr. Asyrlaryň dowamynda hut şu häsiýetler ahalteke bedewlerini dünýäde iň köp tanalýan we sarpalanýan at tohumlarynyň birine öwürdi.

Häzirki wagtda ahalteke bedewleri dünýäniň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär, olar halkara sergilerine we ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Hünärmenler bolsa olary dünýä atçylyk seçgiçilik ulgamynyň özboluşly gazananlarynyň biri hökmünde mynasyp baha berýärler. Dünýä çempionatynyň geçirilmegi atşynaslyk we atçylyk sporty babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde kanuny hem-de möhüm ädime öwrülýär.

Ýaryşyň esasy aýratynlyklarynyň biri sport we medeni ugurlaryň sazlaşykly utgaşmagydyr. Tomaşaçylar çapyksuwarlaryň ussatlygynyň we bedewleriň sport häsiýetleriniň bahalandyrylýan bäsleşikleri bilen bir hatarda, ahalteke bedewleriniň gözelligini, syratlylygyny, çeýeligini, çydamlylygyny hem-de meşhur altyn öwüşginli, ýylmanak we gysga ýüňüniň gözelligini açyp görkezýän gözellik bäsleşigine hem şaýat bolarlar.

Çäräniň giň gerimli görnüşde geçirilmegi ahalteke tohumynyň özboluşlylygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Bu tohumyň ajaýyp wekilleri sportuň dürli görnüşlerinde hem, gözellik sergilerinde hem ýokary netijeleri görkezmäge ukyplydyr. Bu ýaryş milli däp-dessurlaryň häzirki zaman halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşyp bilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen alnyp barylýan giň gerimli işler, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda görülýän çäreler netijesinde tohumyň arassalygyny gorap saklamaga, ylmy-barlag işlerini ösdürmäge, milli atşynaslyk mekdebini dünýäde giňden wagyz etmäge we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berilýär.

Çempionatyň guramaçylary hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ýewropa Ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýär. Bu hyzmatdaşlyk medeni mirasy gorap saklamagyň dürli ýurtlaryň we halklaryň öz işine höwesli wekillerini birleşdirýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Şeýlelikde, ahalteke bedewi Türkmenistanyň özboluşly medeni ilçisi hökmünde çykyş edýär. Sportuň we gözelligiň dili terjime talap etmeýär. Şonuň üçin ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky halkara görkezilişler we ýaryşlar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm gurallarynyň birine öwrülýär.

Käwagt ajaýyp bedewiň bir çykyşynyň özi ýurt barada müňlerçe sözden hem köp maglumat berip bilýär. Adamlar ilki bilen täsirleri ýatda saklaýarlar, hereketleriň sazlaşygyna, çapyksuwarlaryň ussatlygyna we bedewleriň gözelligine haýran galýarlar. Şeýle pursatlar olara müňýyllyklaryň dowamynda atçylyk däpleriniň aýawly saklanyp gelinýän ýurdy – Türkmenistany has ýakyndan açmaga mümkinçilik berýär.

Dünýä çempionaty dünýä medeniýetiniň hakyky baýramçylygy hökmünde taryha girer. Ol ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da berkitmek ugrunda ýene bir möhüm ädim bolar. Kronenbergiň manežinde meşhur ahalteke bedewleriniň peýda bolmagy tomaşaçylara diňe bir «behişdi bedewlere» ýakyndan synlamaga däl, eýsem, öz gymmatly mirasyny müňýyllyklaryň dowamynda aýawly saklap gelen halkyň janly taryhyna hem aralaşmaga mümkinçilik berer.