Ýemen, Gyrgyzystan, Mongoliýa we Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndylary Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) binasynda geçirilen bije çekişligiň netijesinde 2027-nji ýylyň futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşlary boldy.
Saýlama tapgyra 35 ýygyndy gatnaşyp, olar bäş ýygyndydan ybarat ýedi topara bölündiler.
Türkmenistanyň ýygyndysy garşydaşlary bilen bilelikde «F» toparyny emele getirdi. Bu toparyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 8 – 20-nji noýabry aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde bir aýlaw görnüşinde geçiriler.
Türkmen futbolçylary ilkinji duşuşygyny 8-nji noýabrda ýaryşyň eýesi Gyrgyzystanyň ýygyndysyna garşy geçirer. Ikinji tapgyrda, 14-nji noýabrda, olar Mongoliýanyň deň-duşlary bilen duşuşarlar. Üçünji duşuşykda, 17-nji noýabrda, türkmenistanly futbolçylar Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndysy bilen güýç synanyşarlar. Saýlama ýaryşynyň soňky duşuşygynda bolsa 20-nji noýabrda Ýemeniň ýygyndysy bilen oýnarlar.
Beýleki toparlaryň düzümi:
«A» topar: Indoneziýa, Mýanma (ýaryşyň eýesi), Owganystan, Filippinler, Kamboja.
«B» topar: Tailand (ýaryşyň eýesi), Yrak, Gonkong, Hytaý Taýpeýi, Maldiwler.
«C» topar: Birleşen Arap Emirlikleri (ýaryşyň eýesi), Bangladeş, Siriýa, Butan, Makao, Hytaý.
«D» topar: Eýran, Laos (ýaryşyň eýesi), Iordaniýa, Pakistan, Şri-Lanka.
«E» topar: Hindistan, Malaýziýa (ýaryşyň eýesi), Palestina, Singapur, Guam.
«F» topar: Ýemen, Türkmenistan, Gyrgyz Respublikasy (ýaryşyň eýesi), Mongoliýa, Demirgazyk Marian adalary.
«G» topar: Oman (ýaryşyň eýesi), Kuweýt, Bahreýn, Liwan, Bruneý.
17 ýaşa çenli ýaşlaryň Aziýa Kubogynyň 2027-nji ýylyň 12 – 29-njy maýy aralygynda Özbegistanda geçiriljek final tapgyryna toparlaryň ýedi ýeňijisi gatnaşmaga hukuk gazanar. Final tapgyrynda olar FIFA-nyň 2026-njy ýylda Katarda geçirilen 17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça awtomatiki usulda gatnaşmaga hukuk gazanan dokuz ýygyndysyna — Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa (häzirki çempion), Koreýa Respublikasy, Katar, Saud Arabystany, Täjigistan, Özbegistan we Wýetnama goşularlar.
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysyny 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryna baş tälimçi Azat Muhadowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary taýýarlaýar. Onuň ýolbaşçylygynda biziň ýygyndymyz şu ýylyň aprel aýynda Özbegistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA-2026) çempionatynda bäş toparyň arasynda dördünji orny eýeledi.