Ï «Ahal» topary ikinji orna gaýdyp geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» topary ikinji orna gaýdyp geldi

view-icon 142
«Ahal» topary ikinji orna gaýdyp geldi
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň netijesinde «Ahal» topary ýaryş tertibinde ikinji orna gaýdyp geldi. Ýaryş tertibindäki bu üýtgeşmä milli çempionatyň öňdebaryjy topary «Arkadag» toparynyň paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Altyn asyr» toparyndan 5:2 hasabynda üstün çykmagy uly goşant goşdy.

Duşuşygyň esasy gahrymany 11-nji, 34-nji we 39-njy minutlarda tapawutlanyp, het-trik amala aşyran Didar Durdyýew boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň üç gezek çempiony bolan «Arkadag» toparynyň üstünligini Ahmet Ataýewiň 60-njy minutdaky we Şanazar Tirkişowyň 82-nji minutdaky gollary berkitdi. «Altyn asyr» toparynyň düzüminde Begençmyrat Myradow 33-nji minutda, Begmyrat Baýow bolsa 58-nji minutda jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, gol geçirdiler.

Bäsdeşiniň säwliginden peýdalanan «Ahal» topary Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda «Merw» toparyny ynamly ýeňip, 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Öý eýelerine ýeňşi Süleýman Mirzoýewiň 54-nji minutda, Magtymgeldi Berenowyň 77-nji minutda geçiren gollary, şeýle hem Bäşim Gurbanberdiýewiň dubly üpjün etdi. Ol 85-nji minutda we goşmaça wagtyň 90+3-nji minudynda garşydaşyň derwezesini takyk nyşana aldy. Bu ýeňişden soň «Ahal» toparynyň utugy 36-a ýetdi, 35 utukly «Altyn asyr» bolsa ýaryş tertibiniň üçünji ornuna düşdi.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Balkanabadyň «Sport toplumy» stadionynda «Nebitçi» topary bilen «Aşgabat» topary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Myhmanlar 40-njy minutda Merdan Muhadowyň geçiren goly bilen öňe geçdiler. Ýöne ýer eýeleri ikinji ýarymyň başynda, 49-njy minutda Serdar Tukiýewiň tagallasy bilen hasaby deňlediler. Bu deňlik «Nebitçi» toparyna 18 utuk bilen dördünji orny saklamaga mümkinçilik berdi. «Aşgabat» topary bolsa 14 utuk bilen «Merw» toparynyň yzyndan ýetip, 6 – 7-nji orunlary paýlaşýar.

Türkmenbaşy şäherinde geçen «Şagadam» bilen «Köpetdag» toparlarynyň duşuşygy hem çekeleşikli boldy. Ýer eýeleri duşuşygyň dowamynda iki gezek hasapda yza düşen hem bolsa, 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, 16 utuk bilen ýaryş tertibinde bäşinji orna galdylar. Paýtagtymyzyň topary ilki 8-nji minutda Arslan Saparowyň goly bilen 1:0 öňe geçdi. Soňra Batyr Aşyrowyň goly bilen 2:1 hasabynda öňdeligi eýeledi. Emma «Şagadam» topary göreşjeň häsiýetini görkezip, birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 45+3-nji minudynda Elýas Akiýewiň goly bilen tapawudy azaltdy. 76-njy minutda Ýagşysähet Döwletgeldiýew hasaby deňledi, 88-nji minutda bolsa Yhlas Magtymow ýeňiş goluny geçirdi.

Çempionatdaky 12-nji ýeňlişinden soň «Köpetdag» topary 11 utuk bilen häzirlikçe ýaryş tertibiniň iň soňky ornunda galýar.

Bu tapgyrda het-trik amala aşyran «Arkadag» toparynyň hüjümçisi, soňky dört milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi Didar Durdyýew hem iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda öňdeligini has-da berkitdi. Onuň hasabynda indi 17 gol bar, şolaryň 3-si jerime urgusyndan geçirildi. Ikinji orunda «Ahal» toparynyň oýunçysy Süleýman Mirzoýew 9 gol bilen barýar, şolaryň 2-si jerime urgusy arkaly geçirildi. Üçünji orny bolsa 8 goldan geçiren «Altyn asyr» toparynyň oýunçysy Röwşengeldi Halmämedow bilen «Köpetdag» toparynyň futbolçysy Arslan Saparow paýlaşýar. Saparow şol gollaryň birini jerime urgusy arkaly geçirdi.