Ï Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew BAE-de geçirilen festiwalda altyn medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew BAE-de geçirilen festiwalda altyn medal gazandy

view-icon 124
Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew BAE-de geçirilen festiwalda altyn medal gazandy
camera-icon
TKF

Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen 32-nji halkara Abu-Dabi küşt festiwalynda «Open A» kategoriýasynda ýeňiş gazandy. «Corniche» meşhur kenarýaka şaýolunda ýerleşýän «Radisson Blu» myhmanhanasynda geçirilen ýaryş Abu-Dabiniň Küşt kluby we intellektual oýunlar merkezi tarapyndan guraldy. Bu festiwal her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe küştçini özüne çekýän, sebitiň iň iri we abraýly intellektual forumlarynyň biri hökmünde giňden tanalýar.

Dokuz tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamy boýunça nusgawy wagt gözegçiligi bilen geçirilen «Open A» kategoriýasynda 22 ýaşly Aşgabatly küştçi ýokary ussatlygyny we ýeňşe bolan berk erkini görkezdi. FIDE-niň halkara reýtinginde 2184 görkezijisi bilen ýaryşyň ýedinji belgili gatnaşyjysy bolan sport ussatlygyna dalaşgär Allaýar Şirliýew mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap, ýaryş tertibinde ýeke-täk öňdeligi eýelemegi başardy.

Baş baýrak ugrunda dartgynly geçen göreşde türkmen türgeni has tejribeli garşydaşlaryndan üstün çykdy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde siriýaly halkara ussady Başir Eýti we filippinli halkara ussady Riçiliýeu III Salşedo eýeläp, olaryň her biri 7,5 utuk toplady. Ýaryşdaky ajaýyp çykyşynyň netijesinde Allaýar Şirliýew özüniň FIDE reýtingini birbada 40,6 utuga ýokarlandyrdy.

Abu-Dabide «Open A» ýaryşy bilen bir hatarda «Masters», «Open B» we «Juniors U16» kategoriýalarynda hem çekeleşikli duşuşyklar geçirildi. Baş garyşykly ýaryşda dünýäniň saýlama küştçüleri, şol sanda Daniil Dubow, Pa Inýan, Anand Pranaw, S.L.Naraýanan, Abhijit Gupta, Dawid Parawýan, Aleksandr Rahmanow we Iwan Zemlýanskiý tagtanyň başynda güýç synanyşdylar.

Şirliýewiň ynamly çykyşy Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky üstünlikli tomusky sport möwsüminiň mynasyp dowamydyr. Ýurdumyzda küşt sportunyň barha ösýändigini halkara derejesindäki gazanylan üstünlikleriň tutuş toplumy hem aýdyň görkezýär.

Allaýar Şirliýewiň BAE-däki ýeňşi bilen bir wagtda diýen ýaly Hindistanyň Mumbaý şäherinden hem hoş habar gelip gowuşdy. Ol ýerde 16 – 26-njy awgust aralygynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa birinjiligi geçirildi. Şonda türkmen küştçüsi Lala Şöhradowa çalt (rapid) boýunça geçirilen ýaryşda altyn medal gazanyp, 17-nji awgustda juda çalt (blis) boýunça eýelän kümüş medalynyň üstüni ýetirdi.

Mundan başga-da, tomsuň başynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystanda geçirilen Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň çempionatynda rekord derejede 16 medal gazanyp, ýurdumyzyň sport taryhyna ýene bir şanly sahypany ýazdy.

Allaýar Şirliýewiň Abu-Dabide gazanan altyn medaly milli küşt mekdebiniň barha uly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky möhüm subutnamasy boldy. Ýurdumyzyň küştçileri iri halkara ýaryşlarynda özleriniň ussatlygyny has ynamly görkezýärler we ýurdumyzyň Tuguny belentde parladýarlar.