Ï Aşgabat bilen Tokio strategik we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat bilen Tokio strategik we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar

view-icon 3
Aşgabat bilen Tokio strategik we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar

30-njy awgustda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Onda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kitamura Toşihiro žurnalistleriň öňünde çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki tapgyrynyň netijelerini jemledi hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary barada aýtdy.

Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili çykyşynda ýurtlaryň arasyndaky ýokary derejeli ynamy aýratyn nygtap, geljek ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatlatdy.

– Ýaponiýa Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýär. Munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hem Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara Kararnamany goldamakda Tokionyň bilelikde awtor hökmünde çykyş etmegidir – diýip, diplomat belledi.

Brifingde ýokary tehnologiýalar we bilim ulgamyndaky bilelikdäki başlangyçlara aýratyn üns berildi. Hususan-da, Ýaponiýa emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Tokio uniwersitetiniň degişli barlaghanasynyň binýadynda onlaýn okuw maksatnamalaryny ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanda emeli aň boýunça ylmy-barlaglaryň we amaly okuwlaryň geçirilmegi üçin maglumat merkezlerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili ynsanperwer we medeni alyş-çalşygyň hem yzygiderli ösýändigini belledi:

– Ýaponiýada türkmen ýaşlarynyň arasynda ýapon diliniň barha artýan meşhurlygyna çuňňur hoşallyk bildirilýär – diýip, Toşihiro Kitamura nygtady.

Şeýle hem wekil 2025-nji ýylda Osakada geçirilen «EXPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň diwarlygynyň gazanan uly üstünligini aýratyn belledi. Baý mazmunly sergi Ýaponiýanyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Türkmenistanyň taryhy we häzirki zaman gazananlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Ýaponiýaly diplomat sözüniň ahyrynda Ýaponiýanyň Türkmenistana açyk we erkin halkara tertibini pugtalandyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny tassyklady hem-de köpugurly dialogyň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegine uly umyt bildirýändigini aýtdy.