Ï Ýaponiýa bilen Türkmenistan sirkulýar ykdysadyýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaponiýa bilen Türkmenistan sirkulýar ykdysadyýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

view-icon 5
Ýaponiýa bilen Türkmenistan sirkulýar ykdysadyýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Ýaponiýa sirkulýar ykdysadyýet we galyndylary gaýtadan işlemek ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kitamura Toşihiro köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen brifingde aýtdy.

Žurnalistler bilen duşuşyk Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Moteginiň Türkmenistana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Aşgabatda geçirildi. «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysynyň «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri baradaky sowallaryna jogap berip, Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili häzirki wagtda sirkulýar ykdysadyýet babatda anyk bilelikdäki taslamalaryň ýokdugyny, emma bu ugruň uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

– Ýaponiýa tebigy serişdeleri çäkli ýurt bolandygy sebäpli, galyndylary gaýtadan işlemek ulgamyna uly ähmiýet berýäris. Bu ugurda baý tejribämiz, öňdebaryjy bilimlerimiz we tehnologiýalarymyz bar – diýip, Kitamura Toşihiro nygtady.

Kitamura Toşihiro Türkmenistanyň, öz gezeginde, örän baý tebigy serişdelere eýedigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iki döwletiň güýçli taraplarynyň birleşdirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmäge mümkinçilik berer.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili ýapon hususy işewür toparlarynyň hem bu ugra uly gyzyklanma bildirýändigini, ýurduň Hökümetiniň bolsa dialogyň netijeli ösdürilmegine garaşýandygyny aýtdy.

Bu meseleleriň hökümet derejesinde ara alnyp maslahatlaşylmagy Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana häzirki saparynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.