Ï GDA agza döwletleriň habarlar agentlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA agza döwletleriň habarlar agentlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

view-icon 268
GDA agza döwletleriň habarlar agentlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

30-njy awgustda VI Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň esasy geçiriljek ýeri bolan Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylar Geňeşiniň XXXV mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Duşuşygyň esasy temasy GDA agza döwletleriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmekde habarlar agentlikleriniň alyp barýan işlerine bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, syýahatçylyk köp ýurtlaryň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Arkalaşygyň çäginde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasy durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa agza döwletleriň tagallalaryny birleşdirip, umumy syýahatçylyk giňişligini döretmäge gönükdirilendir.

Şu maksatnamalaýyn resminamada kesgitlenen esasy wezipeleri çözmek, şeýle hem degişli düzümleriň arasynda gepleşikleri ýola goýmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny gözlemek maksady bilen, sergiler, forumlar, festiwallar ýaly dürli çäreler geçirilýär.

Arkalaşyga agza döwletleriň bu ugurdaky ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde maglumat taýdan goldawa uly ähmiýet berilýär. Bu ugur syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli strategiýalarda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda sanly platformalaryň üsti bilen GDA agza döwletleri infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmakda, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmekde, şeýle hem üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar boýunça öňdebaryjy tejribelerini paýlaşyp bilerler.

Mundan başga-da, maglumat taýdan goldaw ýurduň ýa-da sebitiň syýahatçylyk özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşyga agza döwletleriň habarlar agentlikleriniň bu ugurda alyp barýan işleri, şeýle hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri barada tanyşdyryşlar geçirildi.

Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, şol sanda şypahana-dynç alyş, ekologiýa, etnografiýa we sport syýahatçylygy babatdaky mümkinçilikleri babatda çykyşda ýurdumyzyň baý medeni mirasy, gadymy taryhy we arheologik ýadygärlikleri, täsin tebigy baýlyklary barada bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kesgitlenen we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bu pudak häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň depginli ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlary syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we köpdürlüligini giňeltmekden, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmekden, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan, şeýle hem möhüm ugurlaryň biri hökmünde maglumat-mahabat işlerini güýçlendirmekden ybaratdyr.

Bu işleriň çäklerinde degişli edaralaryň ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikdäki işine uly ähmiýet berilýär.

Şundan ugur alnyp, bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleri giňden wagyz etmek maksady bilen, metbugatda, internet neşirlerinde we teleýaýlymlarda tanyşdyryş-maglumat häsiýetli materiallar ýerleşdirilýär, şeýle hem degişli ugur boýunça ýörite gepleşikler taýýarlanylýar.

Mejlisiň çäklerinde VI Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlaryna taýýarlyk işleriniň barşy hem beýan edildi. Bu oýunlar etniki sport görnüşleri boýunça geçirilýän iň iri halkara ýaryşlaryň biridir. Adamzadyň mirasy hökmünde etnosport we etnomedeni hereketini gorap saklamakda hem-de ösdürmekde möhüm platforma bolup hyzmat edýän bu ýaryşlaryň esasyny Ýewraziýa halklarynyň milli oýunlary düzýär.

Häzirki wagtda geçirilýän oýunlar gatnaşyjy döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ýüzlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän däp bolan sport görnüşlerini – at üstündäki oýunlardan başlap, milli göreş we ýaýdan ok atyş ýaly görnüşleri giňden wagyz etmäge ýardam etmelidir.

Bellenilişi ýaly, bu ýaryşlara sebit ýurtlarynyň türgenleri bilen bir hatarda ilkinji oýunlardan bäri türkmen türgenleri hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler.

Medeniýetleriň dialogy üçin meýdança öwrülen halkara etnosport forumyna maglumat taýdan goldaw bermek meselesine aýratyn üns berildi.

Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda GDA-nyň 35 ýyllygyna bagyşlanan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň öňde boljak çäreleri, şeýle hem MHAB-nyň täze saýtynyň işi bilen bagly meseleler hem boldy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaryşlaryň geçiriljek sport desgalary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň syýahatçylyk infrastrukturasynyň desgalary bilen tanyşdyrmak boýunça birnäçe çäre geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar medeni diplomatiýanyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde kabul edilýän VI Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşarlar.