Ï Garagumuň «janly altyny» Ýewropanyň merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garagumuň «janly altyny» Ýewropanyň merkezinde

view-icon 142
Garagumuň «janly altyny» Ýewropanyň merkezinde

4-nji sentýabrda Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionaty badalga alýar. Bu waka eýýäm dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Taryhda ilkinji gezek şeýle giň gerimli çempionat Türkmenistanyň «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň we meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekillerini Lýuksemburgda hasaba alnan halkara täjirçilik däl gurama bolan Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň (ATHA) atşynaslary bilen bir ýere jemlär.

Üç günüň dowamynda Belgiýanyň hem-de Germaniýanyň serhetleriniň golaýynda ýerleşýän, Ýewropanyň iň iri we döwrebap atçylyk sport merkezleriniň biri bolan «Peelbergen Equestrian Centre» atçylyk toplumynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan atşynaslar, at eýeleri, çapyksuwarlar, tälimçiler we bedewleriň muşdaklary ýygnanar.

Ýaryşyň maksatnamasy ussatlygyň ähli ugurlaryny öz içine alar. Ilkinji çempionlyk synaglaryna bir ýaşdan dört ýaşa çenli bolan atlar çykarylar. Soňra uly ýaşly atlaryň bäsleşigi geçirilip, dünýäniň çempiony kesgitlener. Eksterýer boýunça baha bermek bilen bir hatarda, tomaşaçylara täsirli konkur we atçylyk geýim bäsleşikleri görkeziler. Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi bolsa bedewiň tebigy nepisligini türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen utgaşdyrar.

Ahalteke atlarynyň milli bezegleri – kümüş şaý-sepler we alaja tumarlar – diňe bir bezeg däl, eýsem, atyň daşynda kemala gelen özboluşly wizual medeniýetiň bir bölegidir. Myhmanlara milli mirasymyzyň çuňlugyna aralaşmaga türkmen atçylyk sungatyna bagyşlanan sergi-ýarmarka ýardam eder. Onda zergärçilik we amaly-haşam sungatynyň önümleri – at esbaplary, halylar, surat eserleri we meşhur bedewleriň gözelligini wasp edýän heýkeller görkeziler.

Sport meýdançasyndan daşarda, goňşy Wenraý şäherinde ahalteke tohumynyň taryhyna we ösüşine, weterinariýa we tohumçylyk tejribesine, genetika, tohumyň arassalygyny gorap saklamaga hem-de ahalteke atlarynyň dünýäniň atçylyk medeniýetine täsirine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçiriler.

Bu uly we ajaýyp waka garaşylýan günlerde daşary ýurt metbugaty ahalteke atlaryny eýýäm «Garagumuň janly altyny» we «altyn bedewler» diýip atlandyrýar. Bu bolsa diňe bir şahyrana ulaltma däldir. Bu nepis bedewlere seredeniňde ilkinji bolup özüne çekýän aýratynlyk olaryň içinden ýagtylyk saçýan ýaly görünýän ýüňüdir.

Ýalpyldawuk altyna meňzeýän ýa-da mis-bürünç we kümüş öwüşginleri bilen ýalpyldaýan bu täsin reňkiň aýratynlygy daşary ýurtly bilermenleriň we atşynaslaryň ençeme gezek ünsüni çekdi. Bu täsin hadysanyň tebigatyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri hem ylmy taýdan öwrenip, öz işlerinde ahalteke bedewleriniň ýüňüniň ýalpyldysynyň syryny jikme-jik açyp görkezdiler.

Ýurdumyzda şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýär. Ýewropada geçirilýän bu ägirt uly çempionat bolsa şygaryň baş maksadynyň halkara derejesindäki aýdyň beýanyna öwrüler.

Adaty sport ýaryşlarynyň çäklerinden has uzaklara çykýan bu waka yklymlaryň arasynda berk köpriniň döredilýändigini alamatlandyrýar. Ol türkmen seýisleriniň köp asyrlyk özboluşly tejribesiniň we Ýewropa atçylygynyň öňdebaryjy ylmy gazananlarynyň bitewi maksat – adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke tohumyny gorap saklamak, ösdürmek we rowaçlandyrmak ugrunda birleşýän hünärmen dialogyň täze eýýamynyň gapysyny açýar.