Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda ýurdumyzyň energetika strategiýasy we iri sebit infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere garap geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri yklymda netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri hökmünde öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini nazara almak bilen döwletleriň energetika kuwwatyndan peýdalanmagyň möhümdigini nygtady. Türkmenistanyň strategiýasy energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we energetika serişdelerine deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge esaslanýar.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan –Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Bu gaz geçiriji uzak möhletleýin geljekde ilaty 2 milliard töweregi bolan sebiti energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer we diňe Owganystanyň özünde 12 müňden gowrak täze iş ornuny döreder.
Gahryman Arkadagymyz, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan –Pakistan taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmak üçin ýurdumyzyň zerur kuwwatlyklara eýedigini belledi.