Ï Bişkek – 2026. ŞHG-niň hil taýdan ösüşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bişkek – 2026. ŞHG-niň hil taýdan ösüşi

view-icon 109
Bişkek – 2026. ŞHG-niň hil taýdan ösüşi

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky ýubileý sammiti geçirildi. ŞHG-niň döredilenine 25 ýyl boldy. Taryhy ölçegler boýunça bu uzak möhlet däl. Emma dünýäniň häzirki wagtda ýokary derejeli geosyýasy dartgynlylyk, sebitara çaknyşyklar we ulgamlaýyn durnuksyzlyk ýagdaýyndadygyny göz öňünde tutup, birleşigiň şu döwürdäki depginli ösüşiniň inklýuziw köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunda hil taýdan ösüşi alamatlandyrandygyny uly ynam bilen aýtmak bolar. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk adalatly, köp merkezli dünýä gurluşynyň kemala gelmeginiň esasy sütünleriniň biri bolup çykyş edýär.

Çärýek asyr mundan ozal SSSR-iň dargamagy Hytaý bilen öňki sowet respublikalarynyň arasynda serhetleriň ýaragsyzlandyrylmagynyň we täze döwlet serhetleriniň anyk kesgitlenilmeginiň zerurlygyny döretdi. 1996 – 1997-nji ýyllarda ýurtlar serhetýaka sebitlerde özara ynanyşmagy pugtalandyrmak we ýaragly güýçleri azaltmak baradaky ylalaşyklara gol çekdiler. Biraz wagt geçenden soň, serhet meselesiniň üstünlikli çözülmegi bu formatyň ýokary netijeliligini görkezdi we ŞHG-niň özgermegine getirdi. 2001-nji ýylda «bäşlige» Özbegistan goşuldy, şondan soň alty ýurduň baştutanlary hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, doly hukukly halkara guramasynyň döredilendigini yglan etdiler.

Şol döwürde ŞHG-ni döretmegiň ilkinji we uzak möhletleýin maksatlary şu esasy ugurlara gönükdirilipdi:

– esasy wezipe Owganystandaky raýat urşunyň netijesinde Merkezi Aziýada ýitileşen terrorçylyga, separatizme we dini ekstremizme bilelikde garşy durmakdan ybaratdy;

– gurama neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň, ýaraglaryň bikanun söwdasynyň we bikanun migrasiýanyň öňüni almak maksady bilen döredildi;

– ŞHG-niň döredilmegi ýurtlara energetika, ulag, söwda we infrastruktura ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary ösdürmäge mümkinçilik berdi;

– syýasy nukdaýnazardan birleşik beýleki döwletlere garşy gönükdirilen harby bileleşik bolmazdan, köp merkezli dünýäni we adalatly halkara tertibini gurmak ugruny yglan etdi.

Şondan bäri uzak, şol bir wagtyň özünde-de ýeňil bolmadyk ýol geçildi. Öň öwrenilmedik ugurlarda öňe gitmek, umumy garaýşa gelmek we bähbitleri ýakynlaşdyrmak aňsat däldi. Muňa garamazdan, ŞHG-niň umumy Hartiýasyny kabul edip, Sebitleýin terrorçylyga garşy gurluşy işe girizip, ykdysady, energetika we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürip, gatnaşyjy döwletler kem-kemden esasy strategik maksada – köp merkezli dünýäni döretmek maksadyna ýakynlaşdylar.

Ýyl-ýyldan öňe hereket edip, ŞHG hemişelik serhet we syýasy gapma-garşylyklary yzda galdyrdy, gatnaşyjy döwletleriň güýçleriniň deňagramlylygyny diplomatik derejede ussatlyk bilen saklady, söwda gatnaşyklaryny ösdürdi, gatnaşyjy ýurtlaryň haýsydyr biriniň agdyklyk etmegine we proteksionizme ýol bermedi hem-de umumy çözgütler kabul edilende ylalaşyk ýörelgesini berk berjaý etdi.

Häzirki wagtda kabul edilen jemleýji Bişkek Jarnamasynda ŞHG-niň geçen ýolunyň netijesi şeýle beýan edilýär: «Gurama halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasyna esaslanýan kemala gelýän köp merkezli dünýä gurluşynyň özbaşdak merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär».

ŞHG-niň yzygiderli ösüşi barada aýdylanda, geçen döwürde birleşik öz gün tertibini diwersifikasiýalaşdyrdy we sebit derejesindäki howpsuzlyk mehanizminden halkara gatnaşyklarynda ählumumy ähmiýetli subýekte öwrüldi. Meniň pikirimçe, bu ewolýusion ösüş ýolunyň häzirki wagtda dünýä gurluşyna durnuklaşdyryjy täsir ýetirýändigini, dürli ykdysady we syýasy ulgamlaryň özara sazlaşmagyna ýardam berýändigini tassyklamak artykmaçlyk etmez. Muny dünýä jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy köp sanly bilermenleri hem belleýärler. Sözlerimiň diňe bir çaklama bolmazlygy üçin, syýasaty öwrenijileriň we bilermenleriň şu aşakdaky garaýyşlaryny mysal getireýin. Gündogarşynas analitikler Bişkek Jarnamasynyň hakyky işleýän mehanizmleri döretmäge ünsüň üýtgändigini berkidendigini belleýärler. Hususan-da, emeli aň tehnologiýalaryny bilelikde ösdürmek, ýadro howpsuzlygyny goramak, halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek (2026 – 2028-nji ýyllar) we sebitleýin maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri (Data Center) döretmek boýunça ylalaşyklar aýratyn nygtalýar.

Ykdysadyýet boýunça bilermenler esasy – Hytaýyň, Russiýanyň we Hindistanyň – maliýe gurallary, logistika geçelgeleri we energetika arkaly Ýewraziýanyň giňişligini özara baglanyşdyrmagy dowam etdirýändiklerini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, guramanyň bähbitleriň deňagramlylygyny üpjün edýän meýdança hökmünde çykyş etmek ukybyna-da üns çekilýär. Mysal üçin, Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, Hindistan bilen durnukly hyzmatdaşlyk hem saklanýar.

Günbatar Ýewropaly we amerikan bilermenleri (şeýle hem olaryň analitiki synlarda berýän bahalary) Bişkek sammitiniň netijelerini alternatiw köp merkezli dünýä tertibiniň kemala gelýändiginiň görkezmesi hökmünde düşündirýärler. Şunda olar ŞHG-niň agzalaryny meseleleri diplomatik ýollar arkaly çözmäge, şeýle hem sammitiň çäginde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge çagyrýan bilelikdäki beýanata aýratyn üns berýärler.

Merkezi Aziýaly bilermenler (hususan-da, Gyrgyzystandan we Täjigistandan bolan hünärmenler) sammiti, şol sanda ony kabul eden tarap – Bişkek üçin hem üstünlikli diýip atlandyrýarlar. Şeýle-de birnäçe analitikleriň ortaça pragmatik garaýşy saklaýandyklaryny bellemek gerek. Olar guramanyň öňünde henizem esasy wezipäniň – hereket edýän halkara maliýe ulgamyny daşarky basyşlara bagly bolmadyk, durnukly ulgama öwürmek wezipesiniň durýandygyny belleýärler.

ŞHG-niň ewolýusion özgerişi, bulardan başga-da, onuň sebit derejesindäki ylalaşygyň çäklerinden çykyp, ählumumy durnuklylygyň katalizatoryna öwrülmek mümkinçiliklerini görkezdi. Gurama dünýä jemgyýetçiligine bloklaýyn syýasata konstruktiw alternatiw görnüşini hödürleýär. Aslynda, bu biziň planetamyzyň ýaşaýjylarynyň esasy islegleriniň biri dälmi? Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga bolan ymtylyşdan has möhüm näme bolup biler? Görnüşi ýaly, birleşigiň özüne çekijiliginiň syrlarynyň biri-de hut şunda jemlenýär.

Häzirki wagtda ŞHG-niň düzüminde 10 sany hemişelik agza döwlet, iki sany synçy döwlet (Owganystan we Mongoliýa), şeýle hem gepleşik boýunça hyzmatdaş derejesindäki 17 ýurt bar. Olaryň arasynda Azerbaýjan, Ermenistan, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Müsür we beýleki döwletler bar.

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşygyny seljermek ýurduň özboluşly hukuk we daşary syýasy Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Özara gatnaşyklaryň görnüşi «hemişelik agzalyk bolmazdan, Hormatly myhman» hökmünde kesgitlenýär. Ýurt guramanyň sammitlerine sammiti kabul edýän tarapyň çakylygy boýunça gatnaşýar.

Türkmenistanyň ŞHG-niň işlerine çekilmegi aýdyň pragmatik we ykdysady häsiýete eýedir. Bu, ilkinji nobatda, energetikadyr – ŞHG-ä girýän ýurtlar türkmen tebigy gazynyň esasy sarp edijileri we geljegi uly bazarlary bolup durýar. Aşgabat ŞHG-niň platformalaryndan magistral gaz geçirijilerini – Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisini, TOPH taslamasyny öňe sürmek, şeýle hem elektrik energiýasynyň üpjünçiligini ösdürmek üçin işjeň peýdalanýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan Demirgazyk – Günorta we Gündogar –Günbatar ugurlarynyň, şol sanda «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çägindäki Hazarüsti geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän esasy logistika merkezi hökmünde özüni görkezýär. ŞHG bilen hyzmatdaşlyk ýurda ösýän port (Türkmenbaşy Halkara deňiz porty) we demir ýol infrastrukturasyny sebitdäki iri ykdysadyýetler bilen utgaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

«Hormatly myhman» görnüşi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň häzirki konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Gurama Aşgabatda üstaşyr geçelgeler we energetika ulgamynda ygtybarly hem-de bitarap hyzmatdaş tapýar, Türkmenistan bolsa Bitaraplyk ýörelgesini bozmazdan, Ýewraziýada milli ykdysady bähbitlerini ilerletmegiň netijeli guralyna eýe bolýar.

ŞHG-niň geçen taryhy ýoluna ser salanymyzda bolsa, bu – başlangyç tapgyrda möhüm serhetüsti meseleleri çözmekden başlap, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň möçberinde durnukly ösüşe we howpsuzlygyň bölünmezligine gönükdirilen, ählumumy dolandyryşyň hyzmatdaşlyk nusgasyny kemala getirmäge çenli uzap gidýän ösüş ýoludyr.

Bişkek sammitinden soň analitikleriň köpüsiniň gelen esasy netijesi bolsa şundan ybarat: ŞHG deklaratiw döwürden bitewi infrastruktura, sanly we howpsuzlyk platformalaryny pragmatik esasda kemala getirmek tapgyryna geçdi.

Allaberdi Niýazow, 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň bilermeni.