Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 96

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Singapuryň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen portlandsementi we ýangyç mazudyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah mata, nah ýüplük, guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 140 million 311 müň manatdan gowrak bolan, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny, çig ýüpek, nah mata, nah ýüplük, pagta süýümini we hasany satyn aldylar.