Ï Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 179
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew talyplara ýurdumyzda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasat başlangyçlary barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisi alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek, gazanylan üstünliklere baha bermek hem-de Türkmenistanyň mundan beýläkki durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm syýasy meýdança öwrüler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamanyň halkara ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hukugyny berkitmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem parahatçylygyň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýörelgelerini öňe sürmek boýunça yzygiderli tagallalarynyň ähmiýetini görkezýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplaryny gyzyklandyrýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.