Ï «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

view-icon 167
«Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde her ýyl geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde guralan «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Jemleýji ýaryşa Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň umumybilim berýän mekdeplerinde okaýan 140 okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaş nesliň arasynda ýokary hukuk medeniýetini yzygiderli kemala getirmek, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna bolan oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşmesini ösdürmek, şeýle hem çagalaryň ýol-ulag hadysalarynda şikes almagynyň öňüni almakdan ybarat boldy. Bu başlangyç «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bilimlerini, tertipliligini, pyýada we ýolagçy hökmünde howpsuz hereket etmek endiklerini ynamly ulanýandyklaryny, şeýle hem çylşyrymly ýol ýagdaýlarynda tiz we dogry ugur tapyp bilýändiklerini görkezdiler.

Bäsleşigiň maksatnamasynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça synaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) meýletinçileriniň we hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda okuwçylar halkara standartlaryna laýyklykda taýýarlyklarynyň ýokary derejesini görkezdiler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda birek-birege kömek bermäge we dessine hereket etmäge taýýardyklaryny subut etdiler.

Nazary we amaly synaglaryň ählisini üstünlikli geçen bäsleşige gatnaşyjylar ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bilimleriniň ýokary derejesini tassykladylar. Indi olar öz deň-duşlary üçin ýol hereketiniň medeniýetini berjaý etmegiň nusgasy bolar.

Çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň gatnaşmagynda guraldy.

Gülälek Gurbanowa, 
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Guramaçylyk ösüş bölüminiň meýletinçiler we guramanyň agzalary bilen işleşmek boýunça hünärmeni