Ï «Arkadag» futbol topary «Şagadam» toparyny uly hasap bilen ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary «Şagadam» toparyny uly hasap bilen ýeňdi

view-icon 62
«Arkadag» futbol topary «Şagadam» toparyny uly hasap bilen ýeňdi
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň üç duşuşygy geçirildi.

Tapgyryň esasy wakasy Türkmenbaşy şäherinde geçirilen «Şagadam» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk boldy. Myhmanlar 3:0 hasabynda uly ýeňiş gazandy. «Arkadag» topary eýýäm 11-nji minutda Ýazgylyç Gurbanowyň takyk urgusy bilen hasaby açdy. Ikinji ýarymda çempionatyň öňdebaryjysy artykmaçlygyny berkitdi: 65-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. Duşuşygyň soňky nokadyny bolsa 84-nji minutda Begenç Akmämmedow goýdy.

Mary şäherinde geçirilen «Merw» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk diýseň çekeleşikli geçdi. Duşuşykda 3:2 hasabynda «Merw» ýeňiş gazanmaga başardy. Orazaly Begnazarowyň 12-nji minutda geçiren golundan soň ýer eýeleri ýeňiş ugrunda güýçli hüjüme geçdiler. Ikinji ýarymda Mekan Ýazmyradow (67-nji minut) we Mukam Nazzyýew (71-nji minut) tapawutlandy. Myhmanlar 76-njy minutda Mergen Nurlyýewiň goly bilen hasaby deňlediler. Emma 89-njy minutda Salim Umarow «Merw» toparyna möhüm üç utuk getirdi.

Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda ýer eýeleri Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Myhmanlar duşuşygyň başynda öňe saýlandylar we duşuşygyň dowamynda Akmämmet Metdäýewiň (9-njy minut) hem-de Daýanç Nuryýewiň (28-nji minut) gollary bilen iki gezek öňe çykdylar. Emma «Köpetdag» topary Emir Berdiýewiň 21-nji minutda we Arslan Saparowyň 72-nji minutda geçiren gollarynyň netijesinde ýeňlişden halas boldy.

Tapgyryň merkezi duşuşygy bolan «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky oýun Türkmenistanyň ýygyndysynyň 20 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynyň arasynda geçirilýän 2027-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşýandygy sebäpli ätiýaçlyk günleriniň birine geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça «Arkadag» topary çempionatda ýitgisiz çykyş etmegini dowam etdirýär: 19 duşuşykda 19 ýeňiş gazanyp, hasabynda 57 utuk bar. Ikinji orunda 36 utuk bilen «Ahal», üçünji orunda bolsa 35 utuk bilen «Altyn asyr» toparlary ýerleşýär. Şunda soňky iki topar öňdeligi saklaýan topardan iki duşuşyk az geçiripdir.

Dördünji orny 19 utuk bilen «Nebitçi» topary eýeleýär. «Aşgabat» toparyndan üstün çykmagy «Merw» toparyna 17 utuk toplamaga we bäşinji orna çykmaga mümkinçilik berdi. «Şagadam» topary 16 utuk bilen altynjy orna geçdi. Ýedinji orunda 14 utuk bilen «Aşgabat» topary, ýaryş tertibiniň soňky ornunda bolsa 12 utuk bilen «Köpetdag» topary ýerleşýär.

Gollar boýunça ýaryşda soňky dört milli çempionatda iň gowy hüjümçi bolan «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew ynamly öňdeligi eýeleýär. Onuň hasabynda 18 gol bar, şolaryň üçüsi jerime urgusyndan geçirildi. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde «Köpetdag» toparynyň futbolçysy Arslan Saparow hem-de «Ahal» toparynyň oýunçysy Süleýman Mirzoýew paýlaşýarlar. Olaryň hersiniň hasabynda 9 gol bar. Şunda A.Saparow jerime urgusyndan diňe bir gezek tapawutlanan bolsa, S.Mirzoýew iki gezek 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.