Ï Bereketli önümleriň bolçulygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bereketli önümleriň bolçulygy

view-icon 190
Bereketli önümleriň bolçulygy
Bereketli önümleriň bolçulygy
Bereketli önümleriň bolçulygy
Bereketli önümleriň bolçulygy
camera-icon
Andreý Pakulow

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalyk toplumynda, hususy önümçilik ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eýeçiligiň dürli görnüşleri, olaryň köpugurly gaýtadan işleýän senagaty buýsançly ösüşleri başdan geçirýär.

Eziz Diýarymyzyň çar künjeginde güýçli depginlerde dowam etdirilýän şeýle köpugurly işlere Balkan welaýatynyň telekeçileri-de saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ösen tehnologiýalara, kämil derejedäki işläp taýýarlamalara daýanýan hojalyklaryň biri-de welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki “Altyn nur zamany” hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada dürli önümçilik maksatly işler talabalaýyk ýola goýlupdyr. Kärhananyň öz ýyladyşhanasyndan başga-da, miwe önümlerini taýýarlaýan bölümem hereket edýär.

Bu ýerde daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri tarapyndan öndürilen kämil, kuwwatly enjamlary ýaş hünärmenler ussatlyk bilen dolandyrýarlar. Işleriň sazlaşykly guralmagy tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply, ýokary hilli mürepbeleriň, miwe şireleriniň, goýaltmalaryň ak bazarlardaky, söwda nokatlaryndaky bolçulygyny şertlendirýär. Hünärmenleriň yhlasly zähmetleri netijesinde öndürilýän dürli görnüşli önümleriň içerki, daşarky bazarlarda hem hyrydarlary ýetik.

Şu günlerde bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barýan kärhananyň hünärmenleri has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar häzirki wagtda şanly baýramçylygyň hormatyna aýna gaplarda konserwirlenen hyýaryň, pomidoryň, bolgar burçunyň, dürli görnüşli mürepbeleriň, miwe şireleriniň, goýaltmalaryň 30-a barabar görnüşini öndürýärler. Mundan başga-da, kärhananyň hünärmenleri sarp edijileriň isleglerini içgin öwrenýärler. Il-ulsumyzyň toýdur-baýramçylyk saçaklarynyň bereketli önümlerden, islegli nygmatlardan dolup durmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.