Ï «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi

view-icon 144

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Merkezi Aziýa döwletlerini we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda «C5+1» formatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň amaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oňa gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Öňde boljak duşuşyklara we çärelere taýýarlyk görmek, şeýle hem degişli guramaçylyk meselelerini ylalaşmak boýunça aýratyn pikir alşyldy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmekde «C5+1» formatynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, möhüm minerallar, söwda we ulag pudaklarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň aýratyn bölümi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda degişli döwlet edaralarynyň we bilermenler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy.

Mejlisiň jemleri boýunça Sekretariatyň işini mundan beýläk-de dowam etdirmek we «C5+1» formatynyň çäklerinde göz öňünde tutulan çärelere taýýarlyk görmek boýunça geljekki ädimler kesgitlenildi.