Ï Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

view-icon 214
Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde geçiriljek mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Oňa Pakistanyň Ýaşlar parlamentiniň Prezidenti Ubaýd Ur Rehman Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Öňde boljak mejlisiň gazanylan netijeleri jemlemek, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka boljakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek bu mejlisiň aýratyn ähmiýetine, şeýle hem Garaşsyz ösüş ýyllarynda ýurduň gazanan üstünliklerine we geljek üçin öňde durýan wezipelere aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjynyň ähmiýetini hem bellediler. Degişli Kararnamanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 78 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilendigi nygtaldy.

Pakistanyň Ýaşlar parlamentiniň wekilleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli we konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar iki ýurduň ýaşlar we parlament düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.