Ï Marynyň döwlet drama teatrynyň sahna oýny ýokary baýraklara mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Marynyň döwlet drama teatrynyň sahna oýny ýokary baýraklara mynasyp boldy

view-icon 174
Marynyň döwlet drama teatrynyň sahna oýny ýokary baýraklara mynasyp boldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda "Garaşsyzlyk – ganatym, Watanym – seždegähim" atly teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi. Festiwal hem teatr sungatynyň muşdaklary, hem-de özleriniň batyrgaý döredijilikli pikirlerini amala aşyrmak mümkinçiligine ele alan teatr işgärleri üçin, hakykatdan, uly sowgat boldy.

Bäsleşik maksatnamasynyň baýragyna mynasyp bolanlaryň biri-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Ata Gullarowyň "Türkmen soltany" sahna oýny boldy.

Bu teatryň işgärleri hemişe-de özboluşlylygy we sahna oýnuna üýtgeşik çemeleşmesi bilen meşhur. Bu täze iş bolsa diňe bir drama däl, eýsem, hakykatdan-da, bir adam tarapyndan ýerine ýetirilen sahna oýnudyr – tutuş oýnuň dowamynda sahnada Soltan Jelaleddiniň we onuň esasy garşydaşy Çingiz hanyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyran ýekeje ýerine ýetiriji bar.

Bu agyr keşpleri ýaş aktýor Gerçek Orazmuhammedow ýerine ýetirdi, onuň zol goranýan adamdan hüjüm edýäne öwrülip durmagy tomaşaçylary dartgynly ýagdaýda saklaýardy.

Ýordum Horezmşalar döwletiniň paýtagty Ürgenjiň basylyp alnyşynyň pajygaly wakalary esasynda taýýarlanypdyr, Çingiz hanyň goşunyna garşy Ürgenç hökümdary batyrgaýlyk bilen erjel söweşýär. Beýik basybalyjy Soltana hemle atanda, ol ikirjiňlenmän söweşi kabul edýär we gazaply harby çaknyşykda mongol goşunynyň öň hatardaky topary derbi-dagyn edilýär.

Soň Çingiz han Hind derýasynyň boýunda soltanyň yzyndan ýetip, onuň goşunynyň galan bölegini ýok edýär. Hökümdaryň maşgalasy heläk bolýar, ýöne onuň özi aty bilen bile suwa böküp, rowaýata öwrülen bu hereketiniň netijesinde Hindistana gidýär. Rowaýata görä, beýik basybalyjy ýaş duşmanynyň garadangaýtmazlygyna tüýs ýürekden haýran galyp, ogullaryna: "Tüýs atasynyň ogly şunuň ýaly bolmalydyr" diýipdir.

Zerre-zerre toplanan taryhy maglumatlara esaslanyp, oýnuň edebi esasyny Gowşutgeldi Daňatarow işläp düzüpdir. Režissýor ony akyl eleginden geçirenden soň, ol sahna suratkeşi Merdan Akmämmedowyň işinde öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Bu iş üçin ol "Suratkeşiň iň gowy işi üçin" diýen ýörite baýraga mynasyp boldy.

Sahna oýny diýseň täsirli boldy we oňa emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi. Agyr keşpleri hut janly ýaly görkezeni üçin, ýaş sahna ussady Gerçek Orazmuhammedowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Oýnuň çeper ýolbaşçysy we režissýory Ata Gullarowyň belleýşi ýaly, bu şeýle uly bäsleşik üçin örän çylşyrymly synag taslamasydy. Ýekeje aktýoryň gatnaşmagyna garamazdan, jikme-jiklikler we sahnalar boýunça hysyrdyly iş takmynan alty aýa çekipdir we tomaşaçylara kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşýan eždatlarynyň merdanalygy barada çuňňur eser hödürlendi.

Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda uly üstünlik gazandy we onuň teatryň hemişelik repertuarynda mynasyp orun aljakdygyna şübhe ýok.