Ï Daşoguz welaýatynda isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy

view-icon 163
Daşoguz welaýatynda isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy

R. Rejebowyň ýolbaşçylyk edýän hususy kärhanasy iň köp isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň biri bolan ruberoid üçek örtügini senagat möçberinde öndürip başlady. Daşoguz welaýatynda ýerleşýän bu kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Bu önüm gurulýan binalary çygdan, suw geçirmekden we zeperlenmeden ygtybarly goraýan serişde hökmünde giňden ulanylýar.

Ýerli kärhanada ruberoid üçek örtügini, şeýle usulda öndürýärler: dykyz üçek kartonyna ýumşak nebit bitumy siňdirilýär, ondan soň onuň iki tarapyna hem kyn ereýän bitum gatlagy çalynýar we ýapyşmazlyk üçin, ýörite sepgi bilen örtülýär. Munuň üçin bu ýerde döwrebap önümçilik desgasy ulanylýar. Ol ýarym awtomat usulda işleýär we halkdan satyn alnan kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemekden başlap, gutarnykly önüm çykýança etmeli işleriň hemmesini öz içine alýar.

Bu desganyň kuwwaty aýda 6 müňden 10 müňe çenli örtük topuny öndürmäge ýetýär. Ol ýörite esas üçin ýumagy çöşleýän stoly, bitum garyjyny, siňdiriş enjamyny, bitum gazanyny we beýleki enjamlary öz içine alýar. Kompaniýa ýurdumyzda öndürilen bitumy Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly satyn alýar. Sebit üçin täze bu önümçilik desgasynda takmynan 40 adam işleýär.

Hususy kärhananyň başlygy Rasuljan Rejebowyň belleýşi ýaly, bu ýerde öndürilýän önümlere eýýäm daşary ýurtlarda isleg bildirilýär. Şeýle-de bolsa, telekeçi, ilkinji nobatda içerki gurluşyk bazaryny ýokary hilli serişde bilen üpjün etmäge çalyşýar.

Täze desganyň esasy artykmaçlygy onuň ekologiýa taýdan arassalygydyr: önümi çykarmak üçin galyndylar-da bölekleýin gaýtadan işlenilýär. Mundan başga-da, kompaniýa polipropilen halta önümçiligini-de özleşdirdi, bu önümçilikde-de gaýtadan işlenilýän serişdeler ulanylýar.