Ï Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy

view-icon 90

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, şu gün Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Koreýada saparda bolýan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde medeniýet we sungat işgärleriniň-de bolmagy Watanymyzyň dünýäniň ýakyn hem-de alysdaky döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň toplumlaýyn ösdürilmegini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýdyň görkezýär. Medeniýet günleriniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy milli däp-dessurlaryň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň binýadynda has-da berkitmäge ýardam berýär.

Gwangju şäherindäki Aziýa medeniýeti milli merkezinde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga uly ähmiýet berýär. Halkara derejeli festiwallaryň, sergileriň, maslahatlaryň, konsertleriň guralmagy ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer dialogyň ösdürilmegine itergi berýär. Taraplar iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň şeýle çärelere gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmek babatda resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Duşuşyga gatnaşyjylar bu resminamanyň iki ýurduň degişli medeni merkezleriniň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine itergi berjekdigini nygtadylar.

Günüň ikinji ýarymynda Aziýa medeniýeti milli merkezinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Açylyş dabarasy milli amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolan sergi bilen utgaşdy. Onda muzeý gymmatlyklaryna, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserlerine, milli lybaslara orun berildi. Munuň özi dostlukly ýurduň köp sanly ýaşaýjylarynyň türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklary, däp-dessurlary bilen tanyşmagy üçin amatly mümkinçilik boldy.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň dünýä ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýändigini bellediler. Ynsanperwer ulgamda barha rowaçlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Bilelikdäki medeni çäreleri guramak bilen, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ilerledýär hem-de umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine deňhukukly, köpugurly hyzmatdaşlyga açykdygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Koreýadaky Medeniýet günleriniň iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda däp bolan dostlugy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar konserte gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans toparlarynyň millilik bilen utgaşýan çykyşlary konsertiň baý many-mazmuna eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmen estrada ýyldyzlarynyň dürli dillerde aýdymlary ýerine ýetirmekleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Joşgunly aýdym-sazlar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini subut etdi.

Sahnadaky ýokary ruhy joşgun sungatyň çäginiň ýokdugyny ýene-de bir gezek tassyklady. Çykyşlardan ruhy lezzet alan tomaşaçylaryň umumy pikirine görä, şeýle çäreler halklaryň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen, milli mirasa we häzirki zaman sungatynyň gazananlaryna özara gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýär.

Gadymy hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň beýany bolan horeografik-folklor çykyşlar konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Bitewi döredijilik sazlaşygyny özünde jemlän çykyşlar zehinli artistleri mähirli garşylan koreýaly tomaşaçylar üçin hakyky sowgada öwrüldi. Şeýlelikde, aýdym-sazyň we dostlugyň baýramyna öwrülen döredijilik çäresi iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmak, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.