Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.