Türkmen türgenleri 19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherindäki «Paloma Mizuho» stadionynda geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň howandarlygynda her dört ýyldan geçirilýän bu köpugurly sport ýaryşlary yklymyň iň gowy türgenlerini bir ýere jemleýär. Şular ýaly ilkinji oýunlar 1951-nji ýylda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirildi. Şonda oňa 11 ýurtdan bary-ýogy 489 türgen gatnaşyp, olar sportuň alty görnüşi boýunça bäsleşdiler. Ýaponiýada geçiriljek häzirki Aziýa oýunlaryna bolsa 45 ýurtdan müňlerçe türgenler 469 medal ugrunda sportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşerler.
Aziýa oýunlaryny Nagoýada geçirmek baradaky karar 2016-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Wýetnamyň Da Naň şäherinde her ýyl geçirilýän Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) Baş Assambleýasynda kabul edildi. Ýeri gelende aýtsak, 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli Aýti we Nagoýada geçiriljek oýunlar Ýaponiýada geçirilýän üçünji tomusky Aziýa oýunlary bolar: bu oýunlar mundan ozal 1958-nji ýylda Tokioda we 1994-nji ýylda Hirosimada geçirilipdi.
Sportuň ösüşine uly üns berýän Türkmenistan Aziýa oýunlaryna dokuzynjy gezek wekiliýet iberýär. Onuň düzüminde 57 adam, şol sanda 34 türgen we 15 tälimçi bar. Biziň türgenlerimiz sportuň sekiz görnüşi boýunça çykyş ederler: boks, göreş (erkin we grek-rim), karate, kuraş, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu.
Türkmen türgenleriniň ilkinji iki topary gidenlerinde, bu agyr ýoly üç uçarda geçip, Stambuldyr Tokionyň üsti bilen bir gije-gündizden gowrak wagt ýol ýörediler. XX tomusky Aziýa oýunlaryna wekiliýetimiziň düzüminde ilkinji bolup 17-nji sentýabrda uşunyň wekilleri (5 türgen we 2 tälimçi) geldi. Ertesi gün olara suwda ýüzüjiler (3 türgen we 1 tälimçi), şeýle hem karateçiler (3 türgen we 1 tälimçi) goşuldy. XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş gününde Nagoýa boksçularyň-da (5 türgen we 2 tälimçi), ýeňil atletikaçylaryň (2 türgen we 2 tälimçi) we agyr atletikaçylaryň (4 türgen, 2 tälimçiniň, 1 eminiň we milli sport federasiýasynyň bir wekiliniň) Nagoýa gelmegine garaşylýar.
2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 9-njy oktýabryna çenli Hytaýyň Hançžou şäherinde geçen öňki Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň sport wekiliýeti 104 adamdan: 11 sport görnüşi boýunça – 3x3 basketbol, boks, sport göreşi (erkin we grek-rim), jiu-jitsu, dzýudo, kuraş, karate-do, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça çykyş eden 67 türgenden ybaratdy. Şonda biziň türgenlerimiz alty sany bürünç medal bilen öýlerine gaýdyp geldiler, bu medallary dzýudoçy Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli), pälwanlar Aýnur Amanowa (48 kilograma çenli), Işanmyrat Ataýew (90 kilograma çenli), boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kilograma çenli), erkin göreş boýunça pälwan Döwletmyrat Orazgylyjow (86 kilograma çenli) we karateçi Baýry Baýryýew (67 kilograma çenli) dagy gazanypdy.