Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew öz döredijiligi bilen sungat söýüjileri hemişe haýran galdyrýar. Birwagtlar tebigatyň gözel görnüşleri onuň döredijiliginiň esasy temasydy. Ýöne olar şäheriň ýa-da obanyň görnüşleri däl-de, Garagum sährasynyň gözelligidi. Ussat diňe bir uç-gyraksyz altynsow çägelikleri şekillendirmek bilen çäklenmän, olara owadan zenanyň keşbini hem beripdir. Belki, bu sähranyň eýesidir, belki-de ylham çeşmesidir. Her niçigem bolsa, bu görnüş özboluşlylygy we gözelligi bilen tapawutlanýar.
Soňky wagtlarda suratkeş meşhur ahalteke bedewlerine uly gyzyklanma bildirip başlady. Işanguly öz eserlerindäki ahalteke atlary barada birnäçe sagatlap gürrüň berip bilerdi. Mysal üçin, Absent atly at 1960-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony we birnäçe gezek Olimpiýa oýunlarynyň baýrak eýesi bolupdyr. Arap atly at bolsa onuň atasy hasaplanylýar we käbir maglumatlara görä, Arap atly aty Moskwa şäherinde Gyzyl meýdançada geçirilen Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýörişiniň açylyşynda meşhur goşun serkerdesi, marşal Georgiý Žukow çapyp, şöhrat gazanypdyr.


Bu suratda bolsa Aşgabatdaky atçylyk-sport toplumynyň girelgesinde heýkeli oturdylan Pyýada atly bedew aty şekillendirilipdir. «Her bir türkmeniň kalbynda bedewiň keşbi ýaşaýar. Şonuň üçin men näme bilen meşgullansam-da, wagtal-wagtal ýene-de bu tema dolanýaryn» diýip, suratkeş aýdýar.
Işanguly Işangulyýew örän köpugurly suratkeşdir. Ol öz eserlerinde ata-babalarymyzdan miras galan rowaýatlary janlandyrýar, kämahal bolsa olaryň täze nusgalaryny özi döredýär. Bu babatda ol aýratyn-da, hyýaly (abstraksiýa) usulynda özüni ussatlyk bilen görkezýär. Adatça, onuň eserlerinde esasan goýy gyzyl-bägül öwüşginlerindäki boýaglaryň gasynly gatlaklary biri-biriniň üstüne goýulýar. Bu reňkler türkmen halysynyň öwüşginlerine kybapdaşdyr. Suratdaky mazmun bolsa tomaşaçynyň öňünde dessine açylmaýar: eseriň wakasyna düşünmek üçin ilki bilen dürli zatlary şekillendirýän çylşyrymly çyzyklara ünsli seretmeli bolýar.

Ussadyň iň täsirli eserleriniň biri «Mejnun» atly eseridir. Söýgi-simwoliki äheňde ýerine ýetirilen bu eser söýgülisi Leýliden aýra düşen, onuň bilen bile bolup bilmeýändigi sebäpli dünýäsi iki bölege bölünen aşyk ýigidiň hasratyny beýan edýär. Bu eser hakykatdan-da, şu tema bagyşlanan iň gowy eserleriň biridir.
Toparlaýyn we şahsy sergilere gatnaşyp, şeýle hem döredijilik saparlaryna gidip, Işanguly Işangulyýew Hindistanda, Türkiýede we Hytaýda bolup gördi. Gyzykly bir ýagdaý: ussat Hindistana gitmezinden ozal asly türkmen görnükli döwlet işgäri Baýram hanyň keşbine bagyşlanan stanok eserini döretdi. Onda ol Baýram hany beýik wezipeli döwlet işgäri hökmünde şekillendirdi. Sapardan dolanyp gelenden soň bolsa ýene-de Baýram hana bagyşlanan eser döretdi. Ýöne bu gezek ony şahyr we akyldar hökmünde suratlandyrdy.

Zenan keşbi halk suratkeşiniň döredijiligindäki esasy ugurlaryň biridir. Işanguly Işangulyýewiň eserler toplumynda hindi zenanlarynyň portretleri aýratyn orun eýeleýär. Türkmen suratkeşi olaryň içki dünýäsini, özüne çekijiligini, sadalygyny we näzikligini ussatlyk bilen açyp görkezmegi başarypdyr.
Ol kubizm ýörelgelerini peýdalanyp, «Gelin» atly eserler toplumynda ýokary çeperçilik derejesini gazandy. Biri-birinden owadan bu eserleriň toplumyna seredeniňde, suratkeşi türkmen zenanlarynyň gözelliginiň waspçysy diýip atlandyrasyň gelýär.

Suratkeşiň käbir eserlerinde jähek ulanýandygy hem gyzyklydyr. Bu täzeçil çemeleşme we döredijilik çözgüdi onuň eserlerindäki zenan keşpleriniň milli häsiýetini ýene-de bir gezek nygtaýar.
«Rodoguna», «Parfiýanyň bedewleri», «Beýik Ýüpek ýoly», «Kerwen», «Baýram hanyň paýhasy», «Aýly daglar», «Kappadokiýa», «Oýlanmalar», «Üç gelin», «Saz» ýaly we beýleki köp sanly ajaýyp eserlerde realizm, simwolizm, abstraksiýa we kubizm Işanguly Işangulyýewiň döredijiliginde sazlaşykly utgaşýar.

Suratkeşiň döredijiligindäki bu köpdürlüligi onuň I. E. Grabaryň adyny göterýän Bütinrussiýa çeperçilik ylmy gaýtadan dikeldiş merkezinde bilim alandygy bilen düşündirmek bolar. Ol bu ýerde dikeldiş sungatynyň inçe syrlaryny çuňňur özleşdirdi.
Işanguly Işangulyýew döredijilik ýolunyň ilkinji ädimlerinden özboluşly çeperçilik usuly we şahsy döredijilik keşbi bolan geljegi uly suratkeş hökmünde özüni tanatdy. Merkezde alan gymmatly tejribesi we başarnyklary oňa islendik usulda täze keşpleri we obrazlary döretmäge mümkinçilik berýär.

Biz Işanguly Işangulyýewiň täze eserlerine uly gyzyklanma bilen garaşýarys we ussadyň öz zehini bilen bizi ýene-de ençeme gezek haýran galdyrjakdygyna ynanýarys.