Ï Karateçi Dawut Nazmyradow XX tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji medaly getirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Karateçi Dawut Nazmyradow XX tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji medaly getirdi

view-icon 171
Karateçi Dawut Nazmyradow XX tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji medaly getirdi
camera-icon
Türkmenistanyň Karatedo federasiýasy

Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde dowam edýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ilkinji baýragy kümüş medaly karateçimiz Dawut Nazmyradow getirdi. Balkanabat şäherinden bolan 22 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär bu üstünlige 10 türgeniň özara bäsleşen 75 kilograma çenli agram derejesinde eýe boldy.

Dawut finala barýan ýolda, ilkinji çärýek final duşuşygynda gyrgyz Nazim Nurlanowy 7:2 hasabynda ynamly ýeňdi. Ýarym finalda siriýaly Fawaz Bani Almarjehe garşy geçirilen tutluşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy, emma eminleriň karary (hanteý) bilen ýeňiş we finala ýollanma türkmen karateçisine berildi. Altyn medal ugrundaky bäsleşikde D. Nazmyradow dartgynly geçen tutluşykda eýranly Morteza Nemata 3:4 hasabynda utulyp, kümüş medala mynasyp boldy. Eýranly türgen münberiň iň ýokarky basgançagyna galdy, gazagystanly Nurkanat Ajykanow bilen siriýaly Fawaz Bani Almarjeh bürünç medallaryň eýeleri boldular.

Dawut Nazmyradow ilkinji gezek 2022-nji ýylda 18 – 24 ýaş derejesinde Türkmenistanyň çempiony bolmagy, şeýle hem Berlindäki «Banzai International Cup» halkara ýaryşynda we Pardubisedäki (Çehiýa) dünýä çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda birnäçe baýrakly orunlary eýelemegi bilen özüni tanatdy. Ol 2024-nji ýylda Manilada (Filippinler) geçirilen 21 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda hem-de Hançžoudaky (Hytaý) uly ýaşlylaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň eýesi boldy, şonuň ýaly-da Ürgençdäki «Uzbekistan Open» ýaryşynda we Samarkandda Merkezi Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandy.

Türkmen türgeniniň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň garamagynda geçirilýän yklymyň baş sport forumyndaky kümüş medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Milli karate mekdebiniň wekilleri yzly-yzyna ikinji gezek Aziýa oýunlarynda ýeňiş gazanýarlar: üç ýyl mundan ozal Hançžoudaky XIX tomusky Aziýa oýunlarynda Baýry Baýryýew 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip bürünç medal gazanypdy. Häzirki gazanylan kümüş medal bolsa Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça alyp barýan yzygiderli işlerini tassyklaýar. Bu üstünligi D. Nazmyradowyň sport ussatlygyny kämilleşdirmegini dowam etdirmäge ýardam berýän ýygyndy toparyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň hem doly derejede paýlaşýar.

Şol bir wagtyň özünde Nagoýada geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda netijeler jemlenilýär we beýleki ugurlar boýunça ýaryşlar dowam edýär. Uşu-sanda bäsleşiginde wekilçilik eden türkmen türgenleriniň bäşisiniň hem çykyşlary tamamlandy. Iň gowy netijäni Merjen Joraýewa (60 kilograma çenli) görkezdi, ol 1/8 finalda nepally Rita Takullany 2:0 hasabynda ýeňdi, emma çärýek finalda wýetnamly Nguen Thi Thu Thýuýe utuldy. 1/8 final tapgyrynda bäsleşigi tamamlan beýleki türgenlerimiz: Bibimerýem Akmuhammedowa (52 kilograma çenli) Gazagystanyň wekili Aýan Tursyndan 0:2 hasabynda, Muhammet Jumamyradow (75 kilograma çenli) Hytaý Taýbeýinden bolan Çjan Huanyden 0:2 hasabynda we Hezret Öwezgeldiýew (65 kilograma çenli) eýranly Şoja Panahigelehkolaeiden 0:2 hasabynda ýeňildi. Türkmenistanyň ýene bir wekili Baýrammyrat Annamyradow (60 kilograma çenli) bolsa 1/4 finalda indoneziýaly Gitara Bintang Reýndra Nadadan utuldy.

2026-njy ýylyň XX tomusky Aziýa oýunlarynyň 11 medal toplumy (erkekler arasynda 6 we zenanlar arasynda 5) ugrunda bäsleşilýän boks ýaryşynda Türkmenistana bäş sany boksçy wekilçilik edýär. Olaryň dördüsi deslapky tapgyrda çykyşlaryny tamamlady. 70 kilograma çenli agram derejesinde halkara derejeli sport ussady, Hançžoudaky geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, 24 ýaşly Baýramdurdy Nurmuhammedow eminleriň aýratynlykda beren çözgüdi boýunça (1:4) Bahreýnden Ali Abdalladan utuldy. Döwlet Muhanowyň (60 kilograma çenli) Şri-Lankadan Jaýawardhana Gunasila garşy geçiren tutluşykda hem eminler örän az tapawut bilen (3:2) ýeňşi garşydaşyna berdiler. Beýleki iki tutluşykda Daniýar Rozmetow (55 kilograma çenli) we 19 ýaşly Abdyrahman Yklymov (80 kilograma çenli) degişlilikde Kangpi Bokhunthoda (Tailand) we Nekruz Salimowa (Täjigistan) meňzeş 0:5 hasabynda utuldylar. Meýdança iň soňky bolup 25-nji sentýabrda Gyrgyzystandan Myrzakir Koşaliýew bilen tutluşjak Döwlet Islamow (90 kilogramdan ýokary) çykar.

Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş edýän ýüzüjiler Waleriýa Mirenskaýa, Dawid Akopýan we Alan Muhin üç ýaryşy geçirdiler. Ilkinji günde 19 ýaşly W. Mirenskaýa 200 metr aralygy garyşyk usulda ýüzmekde 2.43,30 wagt netije görkezdi (23 türgeniň arasynda 21-nji ýer). Ertesi gün ol 100 metr aralygy erkin usulda ýüzmegi 1.03,50 wagt bilen tamamlady (35 türgeniň arasynda 29-njy ýer), şu gün bolsa 50 metr aralygy erkin usulda ýüzmekde 29,11 sekunt netije bilen 35 türgeniň arasynda 28-nji boldy.

Dawid Akopýan 100 metr aralygy brass usulynda ýüzmekde 1.04,72 wagt görkezip, 36 türgeniň arasynda 26-njy ýeri eýeledi. Mark Pilýuginiň 19 ýaşly şägirdi 100 metr aralygy batterflaý usulynda ýüzmekde 26-njy ýeri (56,26 sekunt) gazandy, batterflaý usulda 50 metr aralygynda bolsa 44 türgeniň arasynda 22-nji ýere (24,89 sekunt) mynasyp boldy.

50 metr aralyga batterflaý usulynda ýüzmekde D. Akopýan ýygyndy toparyň iň ýaş agzasy – 15 ýaşly Alan Muhin bilen bilelikde ýaryşdy. Topardaşyndan 1,28 sekunt yza galan Alan, umumy hasapda 35-nji orny eýeledi. Ondan öň tälimçi Dmitriý Nowikowyň şägirdi 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde 43 türgeniň arasynda 34-nji (53,69 sekunt), 50 metr aralyga krol usulynda ýüzmekde bolsa 48 türgeniň arasynda 29-njy (23,91 sekunt) bolupdy.

Alan Muhin XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny tamamlady, emma W. Mirenskaýa bilen D. Akopýan 25-nji sentýabrda özleriniň iň soňky ýaryşlaryna gatnaşarlar: Waleriýa 50 metr aralyga batterflaý usulynda, Dawid bolsa 50 metr aralyga brass usulynda ýüzer.

Agyr atletika ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik edýän dört türgenden 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda iki gezek dünýä çempiony bolan Ogulşat Amanowa ilkinji bolup münbere çykdy. 53 kilograma çenli agram derejesinde ol ştangany silterläp götermekde 88 kilogram, itekläp götermekde 103 kilogram agramy ýokary galdyrdy we jemi 191 kilogram agram bilen 13 türgeniň arasynda 9-njy orny eýeledi. Bu agramda altyn medaly Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan Kan Hýon Gýon 223 kilogram (99+124) netije bilen, kümüş medaly hytaýly Çžao Szinlan (218 kilogram; 94+124), bürünç medaly bolsa Tailanddan Surodçana Hambao (214 kilogram; 95+119) gazandy.

Ýakyn günlerde XX tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen ýeňil atletikaçylary çykyş edip başlarlar. 100 metr aralyga ylgawda ilkinji bolup 26 ýaşly Lukman Gurbandurdyýew hem-de Pekin – 2008 we Pariž – 2024 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan, häzirki wagtda tälimçi bolan, 29-njy sentýabrda Nagoýada 42 ýaşyny bellemegi meýilleşdirýän Walentina Meredowa bäsleşige çykar.