Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga beriler. Bu barada 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda şeýle diýdi: «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr. «Atym bar – ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At – döwletlilik», «At rysgaly alnynda» diýlişi ýaly, halkymyz ähli haýyr işleri bedew bilen baglanyşdyrýar. Gözelligiň we kämilligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Ganatly bedewler» diýlip, dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär».
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlandy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi.