Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

view-icon 81
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewür ata Watany Türkmenistanda möhüm ähmiýeti bolan şanly baýramyň bellenilýän günlerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Garaşsyzlyk toýy bilen gutlady. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belläp, onuň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Rönesans Holding” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň Türkiýäniň işewür düzümleri bilen özara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýady emele getirýär.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.