Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.
Resmi dabara tamamlanandan soň Tatarystanyň Baştutany žurnalistlere ýüzlenip, Russiýanyň sebitleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we dostlukly häsiýete eýedigini nygtady. Rustam Minnihanow ýurduň çalt depginler bilen ösýändigini, onuň infrastrukturasynyň özgerýändigini we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.
«Şu gün biz şeýle ajaýyp baýramçylyga gatnaşmaga hormat bilen çagyryldyk. Türkmenistanyň ähli halkyny, Türkmenistanyň Hökümetini şeýle uly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz bu ýere her gezek gelenimizde, şäherleriň nähili özgerýändigine, täze kärhanalaryň peýda bolýandygyna şaýat bolýarys. Russiýanyň kompaniýalary hem bu ýerde iş alyp barýarlar we örän netijeli işleýärler. Şonuň üçin Türkmenistanyň gülläp ösmegini arzuw edýärin. Baýramyňyz gutly bolsun, ähli gowulyklar ýar bolsun! Köp sag boluň!» - diýip, hormatly myhman aýtdy.
Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň döwlet ähmiýetli bu şanly çärä gatnaşmagy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara ynamyň ýokary derejesini, şeýle hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň ösýän hyzmatdaşlygy ýene-de bir gezek tassyklaýar.