Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 17
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen zerur çäreler görüldi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine häzirki wagtda dowam edýän, raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri hem-de prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň berjaý edilmegine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak işlerini dowam etmegiň, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi we bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen geçirilen biraýlygyň jemleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýanwar — sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny goramak, şeýle hem kazyýet ulgamyny ösdürmek, işgärleriň hünär bilimini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň dokuz aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna serhet goşunlaryny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda mukaddes serhetlerimiziň goraglylygyny yzygiderli üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barlan işler, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek işini dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyzda kabul edilýän hukuk namalarynyň kanunçylyga laýyk gelmegine yzygiderli gözegçilik etmegi ministre tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak hem-de düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek baradaky resminama gol çekendigi üçin ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak we raýatlara ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.