Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde guran Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işini jemlendi. Forum döwlet düzümleriniň ýolbaşçylaryny, öňdebaryjy halkara bilermenleri, halkara maliýe institutlarynyň we transmilli kompaniýalaryň wekillerini birleşdiren abraýly meýdança öwrüldi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentliginiň ýolbaşçysy Rawşanbek Sabirowyň ikitaraplaýyn we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi hem-de esasy ugurlaryna bagyşlanan çykyşy forumyň maksatnamasynyň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Gyrgyzystanyň maýa goýum edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda iki döwleti birleşdirýän çuňňur taryhy-medeni gatnaşyklara ünsi çekdi.
"Gyrgyzystan bilen Türkmenistany doganlyk gatnaşyklar, asyrlaryň dowamynda kemala gelen baglanyşyklar, däp-dessurlaryň ýakynlygy hem-de parahatçylyga we ösüşe bolan umumy ymtylyş birleşdirýär. Biz Merkezi Aziýa sebitiniň bir bölegidiris, şonuň üçin hem üstünliklerimiz we abadanlygymyz biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr" — diýip, R. Sabyrow nygtady.
Hünärmen Bişkek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklary anyk ykdysady we maýa goýum taslamalary bilen iş ýüzünde baýlaşdyrmagyň strategik ähmiýetini belledi. Iki ýurduň bu mümkinçiligine baha berýän agentligiň ýolbaşçysy bilelikde işlemek we özara bähbitli başlangyçlary amala aşyrmak üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi.
Energetika pudagynda – «ýaşyl» energetika ugrundaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem nebit önümleriniň we tebigy gazyň iberilmegi, ulag pudagynda – durnukly ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi, senagat-tehnologiýa pudagynda – dokma önümçiligi we telekommunikasiýalar, syýahatçylyk pudagynda bolsa – infrastrukturanyň we täze ugurlaryň bilelikde ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.
R. Sabirow Gyrgyz Respublikasynyň açyk we köpugurly ykdysady syýasaty alyp barýandygyny, uzak möhletleýin halkara maýalary üçin amatly şertleri döredýändigini hem-de maýadarlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny berk kepillendirýändigini mälim etdi.
Şu mowzukda edaranyň ýolbaşçysy türkmen hyzmatdaşlaryny Milli agentligiň iş ýüzündäki hyzmatdaşlyga doly taýýardygyna ynandyrdy. Edara maýadarlara taslama pikirini işläp düzmekden başlap, taslamalary doly işe girizmäge we soňraky ösüşine çenli ähli tapgyrlarda hemmetaraplaýyn goldaw we toplumlaýyn gözegçiligi üpjün etmäge taýýardyr.
"Mümkinçiliklerimiziň birleşdirilmeginiň Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklaryna iş ýüzünde peýda getirjekdigine hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn" diýip, R. Sabirow mälim etdi.