Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

view-icon 58
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň häzirki pursatlarynda Milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler batly depginlerde dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu bolsa täze şäheriň keşbiniň gün-günden gözelleşmegini üpjün edýär.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherindäki Arkadagyň ruhy metjidiniň ýanyna geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyza metjidiň gurluşygynda we bezeginde ýerine ýetirilýän işler we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegini we binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da, metjidiň gurluşygynda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidir.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri ýokary derejede tamamlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, hususan-da, bu ýerde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň we çagalar bagynyň gurluşyklary, metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, durmuş maksatly binalarda ýerleşdiriljek sanlylaşdyrylan enjamlaryň hiline, döwrebaplygyna, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.

Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze şäherde gurulýan, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň okuw otaglaryny enjamlaşdyrmak, synp otaglarynyň reňklerini sazlaşykly utgaşdyrmak, multimedialaşdyrmak, bilim ojagynyň okuw-usulyýet işlerini kämilleşdirmek babatda dünýäniň ösen tejribesiniň öwrenilmelidigini, aýratyn-da, bu ýerde okatmagyň täzeçil usullarynyň özleşdirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň we bu ugurda ylmyň täze gazananlaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleri, olaryň üpjünçiliginde ulanylýan önüm öndüriji enjamlar, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler hem-de önümçilik desgalarynyň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berildi. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, Arkadag şäheriniň sport toplumlarynda ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanylan çyzgylar görkezildi.

“Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, ýokary ekologiýa derejesi we ýaşaýyş jaýlarynyň mümkinçilikleri, şäheriň yşyklandyryş ulgamy döwrüň ösen talaplaryna mahsus derejede bolmalydyr. Bu bolsa şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgüdiniň baş şertini emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “akylly” şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisi bolup durýar. Şonuň üçin şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalar hem halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýşa degişli önümleriň üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda ähmiýetli bolar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyldan gowrak wagt geçdi. Bu döwürde milli saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşleriň gazanylandygyny, birnäçe keselleriň soňuna çykylandygyny bellemek gerek. Bu boýunça birnäçe halkara guramalar tarapyndan ýurdumyza güwänamalar gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda saglyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändiginiň, lukmanlaryň hünär taýdan yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň, saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejä çykandygynyň aýdyň güwäsidir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda köp sanly çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak, şol sanda häzirki zamanyň ösen tejribesini we täzeçil tehnologiýalary, emeli aň mümkinçiliklerini özleşdirmek ugrunda zerur işleriň geçirilýändigini görkezýär.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly seneler, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiziň täze jaýlardan paýly bolmaklarynyň guramaçylyk ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda giňden bellenilýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň örän guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlarymyza täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak, şanly senäni giň gerim bilen dabaralandyrmak, saglyk merkezlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, keselleri anyklamak ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Milli Liderimiz keseli bejereniňden onuň öňüni almagyň ähmiýetiniň uludygy barada-da aýtdy. Çünki Türkmenistanda “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary ýörgünlidir. Türkmen topragynda saglygy goraýyş ulgamynda ähmiýetli hasaplanylýan tebigy serişdeleriň örän köpdügini belläp, lukman Arkadagymyz bu ugurda häzirki zaman tejribesini we emeli aň mümkinçiliklerini özleşdirmegiň hem-de netijeli peýdalanmagyň geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň kepilidigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň töwereginde miweli baglaryň ösdürilip ýetişdirilýändigini, mundan beýläk-de bagçylygyň çägini giňeltmek, miweli baglaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine zerur üns bermek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän baglaryň ösdürilmegi, “Babarap almasy” adyny alan almanyň ýokumlylygy ýerli seçgiçileriň köpýyllyk tejribesiniň aýdyň netijesidir.

Häzirki döwürde hajy Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, metjit gurmak, ýol çekmek, guýy gazmak ýaly sogap işleriň rowaçlanmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, «Allanyň öýi» hasaplanylýan we sogap işleriň berjaý bolýan ýerlerinde, aýratyn-da, metjitlerde ýagşy dilegler edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagyň ruhy metjidinde belent maksatlary nazarlaýan we asyrlar aşyp gelýän sogap işlere giň orun berler.

Soňra hajy Arkadagymyz 30 müň adama niýetlenen Arkadagyň ruhy metjidini we onuň ugurdaş desgalaryny hem-de olarda oturdylan gapylary synlady. Gahryman Arkadagymyz olaryň hil aýratynlygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Mukaddes künjegiň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, hajy Arkadagymyz binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, onuň yşyklandyryş ulgamynyň yslam dünýäsinde ähmiýetli hasaplanylýan metjide mahsus derejede bolmalydygyny belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz metjidiň 1500 orunlyk sadaka jaýyna bardy we bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady. Bu ýerde Arkadagyň ruhy metjidiniň baş ymamy Ý.Hojagulyýew sadaka jaýynyň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ulanylýan serişdeler barada maglumat berdi.

Sadaka jaýynyň metjidiň binalar toplumynyň esasy desgalarynyň biridigini belläp, Milli Liderimiz onuň abadanlaşdyrylyşynda, yşyklandyryş ulgamynda we diwarlaryň bezeg işlerinde yslam dünýäsine mahsus aýratynlyklaryň bolmalydygyny, sadaka jaýynyň bu ýere gelýänleriň ruhuna oňyn täsir edip, olaryň ýagşy dessurlara ygrarly bolmagyna öz täsirini ýetirmelidigini nygtady. Çünki bu ýerde sadakalar berlip, sogap işler amala aşyrylar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgesidir. Geçmişe hormat goýmak bolsa nurana geljegiň röwşen şuglasydyr.

Soňra hajy Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän medresä bardy. Geljekde medresäniň otaglarynda ähli zerur şertler üpjün ediler. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, medresede din ugrundan bilim aljak ýaşlaryň berilýän sapaklary degişli derejede özleşdirmeklerinde zerur hasaplanylýan mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, medrese milli ýörelgelere hem mahsus bolmalydyr.

Soňra hajy Arkadagymyz 6-njy oktýabrda ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilýändigini aýdyp, öten-geçenlerimizi ýatlap, şeýle hem ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna doga-dilegleriň edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

“Arkadagyň ruhy metjidiniň” baş ymamy öten-geçenlerimiziň ruhunyň şat, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik maksatlary nazarlaýan ýagşy işleriniň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.

Gahryman Arkadagymyz şu gün täze şäherde bolup, haýyr işlere gatnaşmagyň beýik mertebedigini we öten-geçenleri hatyralamagyň sogap işdigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň döreden we dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýagşy dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we hemmelere alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.