Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda esasy azyklyk ekinleriniň biri bolan şalynyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Welaýat boýunça şu ýyl jemi 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekilip, onuň her gektaryndan 46,47 sentner, jemi bolsa 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär. Sebitde şaly ekiljek meýdanlaryň öňünden kesgitlenilmegi, bu möhüm işe tejribeli daýhanlaryň çekilmegi, hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine möwsümiň bütin dowamynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleriniň geçirilmegi bol şaly hasylynyň kemala gelmegine ýardam etdi. Munuň şeýledigini Gündogar sebitiň şaly ekilen etraplarynyň ekin meýdanlarynda gözleriňi dokundyrýan hasylly peller bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Meýilnama laýyklykda şu önümçilik ýylynda sebit boýunça etraplaryň 8 sanysynyň ekerançylyk meýdanlarynda şaly ekildi. Şu ýyl welaýatyň iri hojalyklary hasaplanylýan Çärjew etrabynda 2 müň 600, Saýat etrabynda 2 müň 500, Dänew etrabynda hem 2 müň 300 gektar ýerde şaly ekilendigini, bu etraplaryň ýylyň-ýylyna gymmatly azyklyk ekininiň sebit boýunça bol hasylynyň alynmagyna aýratyn goşant goşýandyklaryny bellemek bolar.
Häzirki wagtda welaýatda şaly oragyna ykjam taýýarlyk görülýär. Bu gyzgalaňly döwürde şaly oragynda işlediljek kombaýnlara tehniki taýdan gözegçilik etmek işleri, şeýle hem şaly kabul ediş nokatlarynda abatlaýyş çäreleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Geçirilýän işler welaýatyň zähmetsöýer şalyçylarynyň jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirip, arzyly maksatlaryna ýetjekdiklerine ynam döredýär.