Ï Gözel Sumbaryň nary – berekediň, bolçulygyň badalgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gözel Sumbaryň nary – berekediň, bolçulygyň badalgasy

view-icon 124
Gözel Sumbaryň nary – berekediň, bolçulygyň badalgasy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri has-da göreldeli zähmet çekýärler. Häzirki günlerde bolsa hasyl ussatlary miweli baglarda ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar jogapkärli möwsümiň ilkinji günlerinden başlap, dürli görnüşli miweli önümleriň ýüzlerçe tonnasyny ýygyp, terligi bilen ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna ýetirdiler. Munuň özi, içerki, daşarky bazarlarda geçginli, islegli önümleriň biri bolan narlaryň ykdysady taýdanam ýokary girdejiler getirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Günbatar sebitiň Magtymguly etrabynyň ussat, zähmetsöýer bagbanlarynyň, şeýle-de ylmy esasda iş alyp barýan tejribeli seleksionerleriniň döredijilikli gözlegleri, irginsiz tagallalary netijesinde olar «Gözel Sumbaryň nary» ady bilen meşhurlyga eýe boldular. Behişdi miwäniň geçen döwürde ylmy-gözleg ekspedisiýalar arkaly daşary ýurtlardan getirilip, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan görnüşlerem köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Bu narlaryň medeniýetleşdirilen görnüşleriniň sany boýunça-da juda köpdür. Tutuşlaýyn alanyňda jenneti künjegi ýada salýan Sumbar, Çendir jülgeleri we şu jülgeleriň dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizilendir.

Gözel Sumbar, Çendir jülgelerindäki obalaryň şahsy melleklerinde, etrabyň daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýän narlaram tagamly, şol bir wagtyň özünde sowgatlyk, üýtgeşik nygmatlar saýylyp, saglyk üçinem diýseň ýaramlydyr. Olaryň her bir görnüşi biri-birinden biologik-hojalyk häsiýetleri boýunça gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gatylygy, ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy babatda tapawutlanýar. Onuň beýikligi iki-üç metrden geçýär. Her bir düýbüniň hasyllygy bolsa görnüşlerine baglylykda, 20 kilogramdan 70 kilograma çenli ýetýär. Aýratyn saýlanyp alynan käbir görnüşleriniň agramam 500-600 grama deň gelýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem naryň dermanlyk häsiýetleri hakynda aýratyn durlup geçilýär. Derde derman daragtyň, onuň jenneti miwesiniň häsiýetli aýratynlyklary hem gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr. Halk lukmançylygynda-da narlaryň tutýan orny we ähmiýeti has-da uludyr. Mundan başga-da, döwletli desterhanlaryň bezegine, berekedine öwrülýän narlaryň, hat-da gabygam derileri eýlemekde, öwüşginli reňkleri almakda ygtybarly serişdedir.

Tebigy taýdan arassa, behişdi miweleriň bolçulygyny döretmekde hem Magtymguly etrabynyň hasyl ussatlary hasam öndürijilikli işleýärler. Olar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bellenilen önümçilik tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirip, üstümizdäki ýyly guwandyryjy netijelere beslemegi maksat edinýärler.