Ï Seýran Atanýazow XX Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýran Atanýazow XX Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy

view-icon 164
Seýran Atanýazow XX Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy
Seýran Atanýazow XX Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy
Seýran Atanýazow XX Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy
Seýran Atanýazow XX Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň we halkara Delfiýa komitetiniň howandarlygynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde GDA agza ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda XX Delfiýa oýunlary geçirildi. Bu medeni forumyň esasy maksatlarynyň biri beýleki milletleriň we halklaryň medeniýetine hormat goýmak hem-de çydamlylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Delfiýa oýunlaryna ikinji gezek gatnaşdylar. Iki gezek hem Seýran Atanýazow Türkmenistana kümüş medal bilen dolanyp geldi.

Bu döredijilik forumyna gatnaşmakdan alan täsirleri barada gürrüň bermegini, talyplaryň ýanynda bolan kamera ansambly kafedrasynyň uly mugallymy, konsertmeýster Stella Faramazowadan haýyş etdik.

– Bu örän dartgynly we wakalara baý hepde boldy. Taýýarlyklar, çykyşlar, oýunlara gatnaşýan beýleki wekiller bilen tanyşlyklar – diýip, Stella Wladimirowna gürrüň berýär. – Emma munuň netijesinde biz ägirt uly tejribe topladyk. Gazak, täjik, gyrgyz, ermeni we azerbaýjan halklarynyň milli hem-de häzirki zaman saz eserlerini uly gyzyklanma bilen diňledik. Oýunlara gatnaşyjylar nota ýazgylaryny özara alyşdylar, türkmen sazlaryna-da uly isleg bildirildi. Indi biz olaryň eserlerini öz çykyşlarymyza goşarys, türkmen kompozitorlarynyň eserleri bolsa olaryň konsertlerinde ýaňlanar.

Oýunlarda ýurdumyza konserwatoriýanyň bäşinji ýyl talyby Seýran Atanýazow («Skripka» ugry), şeýle hem birinji ýyl talyplary Asel Ruslanowa («Akademiki aýdym aýtmak» ugry) we Anna Weliahmedowa («Estrada wokaly» ugry) wekilçilik etdiler. Olar zehinli, döredijilik mümkinçilikleri örän giň ýaşlar. Gatnaşyjylaryň ählisiniň taýýarlyk derejesi örän ýokary bolansoň, baýrakly orunlar ugrunda bäsdeşlik diýseň ýiti geçdi.

Seýran ýeňil hem-de ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän wirtuozyň oýun usuly arkaly türkmen skripkaçylyk mekdebiniň abraýyny mynasyp gorady. Emma Russiýadan gelen skripkaçy ondan birneme ýokary netije görkezdi. Gazagystanyň belli medeniýet işgäri D. Kaseinowyň ýolbaşçylyk eden abraýly eminler topary Seýran Atanýazowa ikinji orny berdi. Bu türkmen talybynyň Delfiýa oýunlarynda gazanan ikinji kümüş medaly bolup durýar. Ol 2023-nji ýylda hem kümüş medala mynasyp bolupdy.

– Elbetde, bu gezek ýeňiş gazanaryn diýip umyt edipdim – diýip, Seýran aýdýar. – Ýöne başartmady. Şeýle-de bolsa, örän güýçli garşydaşlar bilen bäsleşmek gyzykly. Şonda geljekde haýsy ugurda kämilleşmelidigine has gowy düşünýärsiň. Şonuň üçin Delfiýa oýunlaryna gatnaşandygyma begenýärin.

Türkmenistandan gatnaşan beýleki bir wekil – Asel Ruslanowa belent we ýaňly koloratur sopranosy bilen tapawutlanýar. Seýran Atanýazow ýaly, ol hem Delfiýa oýunlaryna ikinji gezek gatnaşýar, ýöne bu sapar ilkinji gezek akademiki aýdym aýtmak ugry boýunça çykyş etdi. Geçen gezek Daşoguz sazçylyk okuw mekdebiniň adyndan gatnaşan gyz estrada žanrynda öz güýjüni synap görüpdi.

Asel örän mynasyp çykyş etdi. Onuň Gazagystandan gelen at gazanan wokalçylar bilen bäsleşip, dördünji orny eýelemegi hem uly üstünlikdir.

Anna Weliahmedowa türkmen halk aýdymyny, şeýle hem daşary ýurt kompozitorlarynyň estrada eserlerini ýerine ýetirdi. Çykyşy üçin ol hormatly diplom bilen sylaglandy. Sahna kärdeşlerinden alan gymmatly tejribesi öňde boljak bäsleşiklerde ýeňiş gazanmak üçin oňa hökman ýardam eder.

Delfiýa oýunlary ýaş medeniýet işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam berýär, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýar we medeniýetara dialogyň ösdürilmegine goşant goşýar.