Ï Ekologiýa başlangyçlary: Türkmenistan Hazar deňziniň özboluşly suw giňişligini goramak boýunça täze başlangyçlary doly goldady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa başlangyçlary: Türkmenistan Hazar deňziniň özboluşly suw giňişligini goramak boýunça täze başlangyçlary doly goldady

view-icon 932
Ekologiýa başlangyçlary: Türkmenistan Hazar deňziniň özboluşly suw giňişligini goramak boýunça täze başlangyçlary doly goldady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň ekologik meselelerini netijeli çözmäge we onuň ekoulgamyny gorap saklamaga gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da il­kin­ji bo­lup Ha­zar eko­lo­gi­ýa baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek hem-de onuň çäk­le­rin­de Ha­zar eko­lo­gi­ýa fo­ru­my­ny ça­gyr­mak bi­len, şeý­le ýö­rel­ge­ler­den ugur alan­dy­gy­ny bel­läp, äh­li Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­re ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy­na dü­şün­ýän­dik­le­ri hem-de gol­da­ýan­dyk­la­ry we onuň amala aşy­ryl­ma­gy­na iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň suwunyň derejesi bilen bagly meseleler boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky başlangyjy goldady.

«Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu topar hakyky ylmy maglumatlar esasynda suwuň peselmegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy durmak boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamaly hem-de teklip etmeli diýip hasap edýäris. Bu wezipäni gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin tabşyryk bermegi teklip edýäris. Şeýle hem toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmek teklip edilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň bu tek­lip­le­ri do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny hem-de to­pa­ryň işi­ne iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­ny aýt­dy we onuň il­kin­ji mej­li­si­ni 2027-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Azer­baý­jan­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan şeý­le hem Ha­zar deň­zi­niň suw se­riş­de­le­ri­ni go­ra­ma­gyň Döw­le­ta­ra mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy gol­da­ýar. Bu baş­lan­gyç Ha­zar deň­zi­niň bio­se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak hem-de re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ga­raý­şy­na do­ly la­ýyk gel­ýär.

«Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň je­bis­li­gi bi­ziň esa­sy güý­jü­miz­dir. Bu je­bis­lik kö­pa­syr­lyk hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, deň­ze be­lent sar­pa goý­ýan hem-de ony söý­ýän halk­la­ry­my­zyň aý­ra­tyn Ha­zar ru­hu­na hem-de dün­ýä­ga­raý­şy­na esas­lan­ýar. Biz bu tä­sin deň­zi pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňiş­li­gi hök­mün­de go­rap saklamalydyrys» di­ýip, hor­mat­ly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda aýt­dy.