Ï Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 188

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialog bu hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depgininiň möhüm şerti bolup durýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz özüniň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalarda gatnaşyklary giňeltmek üçin pugta binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.